Ï «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyndaky ajaýyp şahsyýetleriň ýadygärlikleri: Şandor Petefi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyndaky ajaýyp şahsyýetleriň ýadygärlikleri: Şandor Petefi

view-icon 470
«Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyndaky ajaýyp şahsyýetleriň ýadygärlikleri: Şandor Petefi

Şu ýyl türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň hem-de onuň özüniň hormatyna Köpetdagyň eteginde paýtagtymyzyň täze «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumy dabaraly ýagdaýda açyldy.

Bu iri desganyň Magtymguly Pyragynyň beýik ýadygärliginden başga-da, dürli ýurtlaryň we döwürleriň meşhur şahyrlarynyň hem-de akyldarlarynyň ýadygärlikleri ýerleşdirilen seýilgähi hem özünde jemleýändiginiň özboluşly manysy bardyr. Munuň özi halklaryň dostlugy we adamzadyň medeni-mirasynyň jebisligi babatda onuň ähmiýetini nygtaýar.

«Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň çäklerinde dünýäniň dürli ýurtlarynyň bütin dünýä meşhur ýazyjylarynyň hem-de şahyrlarynyň ýadygärlikleriniň 24-si oturdyldy. «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetiniň redaksiýasy okyjylary, aýratyn-da, çagalary we ýetginjekleri «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyny bezeýän ýazyjylaryň hem-de şahyrlaryň ýadygärlikleri we olaryň ömri hem-de döredijiligi bilen tanyşdyrmagy dogry hasaplady. Bu bolsa bu ýerde heýkelleri oturdylan öz döwrüniň ussatlarynyň käbirleriniň Türkmenistanda bolandyklary üçin hem möhümdir. «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetiniň redaksiýasy olar barada maglumatlary beýan edip, ýazyjylar we şahyrlar barada habarlaryň, mümkin boldugyça, dolulygyna ýetirmäge çalşar, çünki örän köp wagtyň geçendigi sebäpli olaryň köpüsi barada örän az maglumatlar saklanyp galypdyr.

Biziň şu günki gysgaça gürrüňimiz wenger edebiýatynyň nusgawy wekili, Wengriýanyň görnükli milli şahyry Şandor Petefi barada.

Şandor Petefi 1823-nji ýylda Wengriýanyň Kiş-Kereş diýen kiçiräk şäherinde dogulýar. Şahyr irki ýaşlaryndan maddy taýdan agyr ýitgileri çekmeli bolupdyr. On alty ýaşly ýetginjek wagty pul serişdeleriniň ýetmezçiligi sebäpli gimnaziýany tamamlap bilmän, Petefi özbaşdak durmuşa başlamak üçin ene-atasynyň öýünden çykyp gidýär. 

Birnäçe wagtyň dowamynda Petefi sergezdançylyk edip ýören toparyň aktýory bolupdyr, maddy taýdan mätäçlik ony esgerlige barmaga mejbur edipdir. Gulluk ýyllary Petefiniň durmuşynyň has agyr döwürleriniň biri bolupdyr. Emma, tiz wagtdan ol hassaçylyk sebäpli gullukdan gaýdypdyr. Ýurt boýunça sergezdançylygy, ýaşamak ugrunda göreşmek ýyllary başlanýar. Wengriýa boýunça gezýän ýyllarynda Petefi Watanynyň tebigaty, halkyň durmuşy we kynçylyklary bilen ýakyndan tanşypdyr.

1844-nji ýylda Petefiniň şygyrlarynyň ilkinji ýygyndysy neşir edilip, dessine oňa umumy ykrar edilme we giň meşhurlyk getiripdir. Petefiniň sada halk dilinde, halk aýdymlarynyň depginine we sazlaşygyna has ýakyn ýazylan goşgulary wenger halk aýdymlary hökmünde kabul edildi.

Petefi özüniň uzak bolmadyk, ýöne dartgynly edebi iş alyp baran ýyllarynda bir müňe ýakyn goşgy, ençeme poemalary ýazypdyr. Birnäçe hekaýalar, pýesalar, oçerkler, gündelikler onuň galamyna degişlidir.

Özüniň meşhur poemalarynda – ýaňsylama häsiýetli «Oba çekiji» hem-de erteki häsiýetli «Witýaz Ýanoş» atly eserlerinde Petefi ozaldan gelýän umumy kabul edilen galp hyýallylyk kadalaryndan doly derejede ara açýar. Folklor materiallaryna esaslanan «Witýaz Ýanoş» atly poemasyna halk mazmuny bilen birlikde, atalar sözüne ýakyn bolan halky görnüş häsiýetlidir.

Şandor Petefiniň şygyrlarynyň we poemalarynyň kitaby Türkmenistanda 1955-nji ýylda, onuň «Ýanoş pälwan» atly kitaby bolsa Aşgabatda 1956-njy ýylda çapdan çykýar. Häzirki wagt türkmen okyjylary şahyryň eserlerini uly höwes bilen okaýarlar.

Wenger halkynyň şahyry we milli gahrymany 1849-njy ýylda Transilwaniýada Şegeşwaryň ýanyndaky söweşleriň barşynda wepat bolýar. Petefiniň döredijiligi wenger halky üçin ähmiýeti uludyr. Ol Wengriýanyň milli şahyrydyr, onuň milli dilde şygryýetiň düýbini tutujy hökmünde eýeleýän orny bolsa rus edebiýaty üçin Puşkiniň, ukrain edebiýaty üçin Şewçenkonyň, belarus edebiýaty üçin Ýanka Kupalanyň, polýak edebiýaty üçin Miskewiçiň ähmiýetine laýyk gelýär.

Beýik şahyryň hormatyna meýdançalar, köçeler, okuw mekdepler, muzeýler we kitaphanalar atlandyryldy. 1986-njy ýylda açylan №4483 belgili kiçi planeta Petefiniň ady dakyldy.