Ï Ýurdumyzda döwrebap gidrotehniki desgalar ulanmaga berildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurdumyzda döwrebap gidrotehniki desgalar ulanmaga berildi

view-icon 588
Ýurdumyzda döwrebap gidrotehniki desgalar ulanmaga berildi

Şu gün Tejen şäherinde kuwwatlylygy bir gije-gündizde 30 müň kub metr bolan suw arassalaýjy desganyň, şeýle hem Ak bugdaý etrabynda kuwwatlylygy bir gije-gündizde 15 müň kub metr bolan lagym suwuny arassalaýjy desganyň açylyş dabaralary boldy. Munuň özi Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady goýlup, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň infrastrukturasyny döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmäge gönükdirilen giň möçberli özgertmeleriň, şol sanda Oba milli maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň güwäsidir.

Döwrebap gidrotehniki desgalaryň açylyş dabaralaryna Mejlisiň deputatlary, etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, il sylagly ýaşulular, ýaşaýjylar gatnaşdylar.

Bu desgalarda dünýä belli önüm öndürijileriň öňdebaryjy enjamlarynyň ornaşdyrylmagy işleri ýokary derejede alyp barmaga, şol sanda ilaty arassa agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmäge mümkinçilik berer. Döwrebap suw arassalaýjy desga degişli binalardan ybarat bolup, halkara talaplara doly laýyk gelýär. Açylyş dabaralaryndaky çykyşlarda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga gönükdirilen şeýle döwrebap desgalary gurduryp berýän hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözleri beýan edildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň gerimli durmuş-ykdysady maksatnamalarda ilatyň arassa agyz suwy bilen üpjün edilmegi esasy wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenildi. Bu ugurda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, ýurdumyzda degişli çäreler durmuşa geçirilýär, şäherleriň we ilatly ýerleriň suw üpjünçilik ulgamlary kämilleşdirilýär. Suw serişdelerini dolandyrmak we gorap saklamak, suwuň goşmaça gorlaryny döretmek, şäherleriň, obalaryň suw üpjünçiligini gowulandyrmak, suw howdanlarynyň göwrümini, derýalaryň, suwaryş we lagym ulgamlarynyň geçirijilik ukybyny ýokarlandyrmak boýunça işleriň kämilleşdirilmegine yzygiderli üns berilýär.

Ýurdumyzyň suwy rejeli hem netijeli peýdalanmakda baý tejribesi bar. Halkymyz asyrlaryň dowamynda suwa aýawly garap gelipdir. Häzirki döwürde bu parasatly däpler suw hojalygynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak, pudaga ylmyň gazananlaryny, ekologik taýdan arassa suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak babatda alnyp barylýan toplumlaýyn çärelerde öz beýanyny tapýar.

Şeýlelikde, şu günki dabaralar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilen durmuş ugurly syýasatyň üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky güwäsi boldy.