Ï Öndürijilikli zähmet ýokary görkezijilere beslenýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Öndürijilikli zähmet ýokary görkezijilere beslenýär

view-icon 439
Öndürijilikli zähmet ýokary görkezijilere beslenýär

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabyndaky “Akgaýa” hojalyk jemgyýetimiň agzalary telekeçiligi ösdürmekde, bu köpugurly pudagyň gerimini giňeltmekde döwletimiz tarapyndan berilýän düýpli ýeňilliklerden peýdalanyp, has-da döredijilikli zähmet çekýärler. Etrabyň Akdaş şäherçesiniň golaýynda ýerleşýän öňdebaryjy kärhananyň işçileridir hünärmenleri daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan, şeýle-de dünýä bazarlarynda bäsleşip bilýän islegli harytlary öndürmekde aýratyn netijelilik görkezýärler. 

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň işjeň agzasy bolan “Akgaýa” hojalyk jemgyýetinde geçen ýyllaryň dowamynda gurluşyk serişdelerini we gips kartonyny öndürmekde saldamly işler bitirildi. Munuň özi, kärhanada işleriň guramaçylykly ýagdaýda ýola goýlup, saz we bökdençsiz alnyp barylýandygyny tassyklaýar. 

Bu ýerde ähli işler awtomatlaşdyrylan usullarda merkezi dolandyryş bölüminden amala aşyrylýar. Şonuň ýaly-da jemi 25 gektar meýdany tutýan kärhana dolandyryşyň kämil tilsimatlary, ösen tehnologiýalary bilen birkemsiz üpjün edilipdir. Ýeri gelende aýtsak, hojalyk jemgyýetiniň ýyllyk kuwwaty diwarlary tekizläp, ýylmamak üçin zerurlyk edýän gurluşyk garyndy serişdeleriň 78 müň tonnasyna, gips kartonynyň hem 8 million inedördül metrine barabardyr. Önümçilikde gereklik edýän esasy çig mal serişdeleriniň   Akdaş şäherçesiniň golaýyndaky tebigy känlerden alynmagy hem sarp edilýän çykdajylary azaltmakda, wagty tygşytlamakda, işiň düşewüntliligini üpjün etmekde oňyn netijeler berýär. 

Häzirki wagtda kärhananyň işçileridir hünärmenleri tamamlanyp barýan “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň belent ösüşlerinden ruhlanyp, Gündogaryň beýik akyldary, nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden bellenilýän taryhy ähmiýetli şanly senesini ýokary zähmet görkezijilerine besleýärler. Şu ýylyň başyndan bäri bu ýerde ösen önümçilik talaplaryna doly laýyk gelýän gurluşyk garyndy serişdeleriniň müňlerçe tonnasy, dürli binalaryň, ymaratlaryň içki gurluşyklarynyň üçek asty hem-de diwar örtükleri üçin möhüm bolan gips kartonynyň millionlarça inedördül metri öndürildi.  

Täze ýylyň öňüsyrasyndaky şu günlerde-de “Akgaýa” hojalyk jemgyýetiniň öndürýän gurluşyk garyndy serişdelerine,  gips kartonyna islegler barha artýar. Bäsleşige ukyply, geçginli önümleriň Russiýa, Gazagystan, Gruziýa, Täjigistan ýaly döwletlere ugradylýan möçberleri hem yzygiderli ýokarlanýar.