2024-nji ýylyň 27-nji dekabrynda Täze ýylyň öňüsyrasynda Daşkent şäherinde Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň işgärleri üçin niýetlenen ýaşaýyş jaýynyň açylyş dabarasy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
Çärä Daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti, Özbegistan Respublikasynyň daşary syýasat edarasynyň hem-de Özbegistanda işleýän daşary ýurt diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, dostlukly ýurduň ministrlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, KHBS-iň wekilleri, şeýle hem Özbegistanyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmen talyplary gatnaşdylar.
Dabarada çykyş eden iki ýurduň resmi wekilleri Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň hormatly Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň syýasy erki bilen amala aşyrylýan döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejesini nygtaldylar.
Üç gatly häzirki zaman ýaşaýyş jaýy Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda «Döwlet Gurluşyk» HJ tarapyndan bina edildi. Ýerleşdirilişi has gowulandyrylan 12 sany öýüň her birinde ýokary hilli bezeg serişdeleri ulanyldy, ýaşamak üçin ähli şertler döredildi, şol sanda mebeller, döwrebap aşhana göz öňünde tutuldy we amatly howa ýagdaýyny üpjün edýän ulgamlar ornaşdyryldy. Abadanlaşdyrylan ýanaşyk çäklerde çagalar üçin oýun we sport meýdançalary gurlupdyr.
Täze binanyň daş-töweregi baýramçylyk görnüşinde bezelip, bu ýerde däp bolan mäkäm dostluk gatnaşyklaryna, hoşniýetli goňşuçylyga, ynanyşmaga we özara goldawa esaslanýan türkmen-özbek gatnaşyklaryny wasp edýän aýdym-sazlar ýaňlandy.
Soňra dabara gatnaşyjylar täze jaýda rahat ýaşamak üçin döredilen şertler bilen tanyşdylar. Bu ýerde şowhunly baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Türkmen myhmansöýerliginiň däbine görä öýlerde saçaklar giňden ýazyldy.
Täze jaýa göçüp gelenler we açylyş dabarasyna gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidentine we Gahryman Arkadagymyza daşary syýasat gullugynyň işgärleriniň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak baradaky aladalary üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdiler.
Dabara gatnaşyjylar bu ýerde ýaşajak diplomatlaryň Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga möhüm goşant goşjakdyklaryna ynam bildirdiler.
Açylyş dabarasynyň ahyrynda myhmanlara iki ýurduň milli tagamlary hödürlendi.
***
Türkmenistanyň wekiliýetiniň Özbegistan Respublikasyna saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanow bilen Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministri B.Saidowyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Söhbetdeşligiň barşynda diplomatlar iň ýokary we ýokary derejelerdäki yzygiderli duşuşyklaryň we gepleşikleriň hyzmatdaşlygy berkitmekde esasy orny eýeleýändiklerini tassykladylar.
Soňra syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, şeýle hem sebit we halkara gün tertibiniň meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar geljek ýyl üçin hyzmatdaşlygyň meýilnamalaryna ser saldylar.