Ï Türkmen halyçylarynyň sungaty fotosurat sergisinde görkezilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen halyçylarynyň sungaty fotosurat sergisinde görkezilýär

view-icon 1692
Türkmen halyçylarynyň sungaty fotosurat sergisinde görkezilýär

Türkmen halysynyň milli muzeýinde «Ykbaly hala siňen zenanlar» at bilen medeni-taryhy mirasyň möhüm bölegi bolan türkmen halyçylygyny saklap galmaga we ösdürmäge ömrüni bagyş eden zenanlaryň fotosuratlarynyň sergisi geçirildi. 

ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariatynyň «Türkmenhaly» döwlet birleşigi we «El darak» HJ bilen bilelikde guran bu çäresi medeni gymmatlyklary täze nesillere ýetirmäge gönükdirilendir, ol ýaşlarda milli mirasa buýsanç duýgusyny ösdürýär.

Gadymdan gelýän usulda dokalan türkmen halylary özboluşly medeni aýratynlyklary gorap saklap, çuňňur manysyny we hakydasyny özüne siňdirip, nesilleri birleşdirýär. Her bir ajaýyp haly eseri nepis çitimleri çitip, her bir önüme ýürek yhlasyny siňdirýän we baý nyşanlary-yşaratlary döredýän türkmen halkynyň köp asyrlyk däp-dessurlaryny beýan edýän çeper elli zenanlaryň zähmeti bilen döreýär. 

– Halylarymyza haýran galmak bilen käte olary dokamagyň agyr zähmetdigini ýatdan çykarýarys – diýip, «El darak» hususy kärhanasyny esaslandyryjy Ogulgerek Durdyýewa belleýär. – Bu iş ýüň daramak, ýüpüni işmek ýaly başga-da köp işden ybarat. Fotosurat sergisini bir ýere jemlemek we temasyny has takyk beýan etmek üçin ýurduň welaýatlarynda gözleg toparlaryny guradyk, meşhur haly dokaýjylar bilen söhbetdeş bolduk we fotosurat arhiwine ýüz tutduk.

Suratlarda Aşgabatda, Ahal, Balkan we Mary welaýatlarynda milli haly sungatynyň ösüşi we halyçylyk kärhanalarynda we iş pursatlary görkezilýär. Arhiw suratlary 1930 – 1940-njy ýyllarda halyçylaryň durmuşyny beýan edýär, has soňky ýyllaryň suratlarynda häzirki zaman işleri we bu ugurda gazanylan üstünlikler görkezilýär.

Suratçy Erkin Ýazowyň işleri hasam täsirli çykypdyr. Ol haly dokamagyň düýp manysyny açyp görkezip, bu agyr zähmete berlen zenanlary şekillendirdi.

Halyçylaryň abyrsyz zähmetine bagyşlanan surat sergisi oňa gelenlerde uly täsir galdyrdy. Onuň açylyş dabarasyna ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rustemowa, «Türkmenhaly» Döwlet birleşiginiň ýolbaşçysy Akjemal Durdyýewa, diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, şeýle hem ÝUNESKO-nyň Türkmenistandaky kafedralarynyň we klublarynyň hem-de ÝUNESKO-nyň Assosirlenen mekdebiniň wekilleri gatnaşdylar.