Türkmenistanyň Hökümeti we Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy inçekesel boýunça «Türkmenistanyň inçekesele garşy göreş Milli maksatnamasynyň Bütindünýä gaznanyň maliýeleşdirmeginden çekilmegi» baradaky täze taslama gol çekdi.
Taslama 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwary bilen 2027-nji ýylyň 31-nji dekabry aralygynda durmuşa geçiriler. SPID, inçekesel we gyzdyrma garşy göreş üçin Bütindünýä gazna tarapyndan maliýeleşdirilýän bu başlangyç 2027-nji ýyla çenli içerki serişdeleriň hasabyna maliýeleşdirilmä doly geçmek bilen, Milli inçekesel maksatnamasynyň durnuklylygyny we ýeterliligini üpjün etmekde möhüm ädimdir.
Jemgyýetiň saglygyny ýokarlandyrmak ugrundaky syýasy ygrarlylygy we inçekeseliň öňüni almak hem bejerişiň berk dolandyryş gurluşy netijesinde, Türkmenistan bu kesele garşy göreşde uly üstünlik gazandy. 2010-njy ýyldan bäri Bütindünýä gazna ylmy we tehnologik ösüşe 37 million ABŞ-nyň dollaryndan gowrak maýa goýdy. 2016-njy ýyldan bäri bolsa Türkmenistanyň Hökümeti inçekesele garşy göreş boýunça Bütindünýä gaznanyň esasy işini maliýeleşdirmegi kem-kemden öz üstüne aldy.
Täze taslama «GeneXpert» ýaly anyklaýyş enjamlaryna we alys sebitlerdäki göçme desgalara elýeterliligi aňsatlaşdyrmaga, sanly çözgütleri synagdan geçirmäge, esasy dermanlaryň elýeterliligini üpjün etmäge, şeýle hem göni gözegçilik astynda terapiýa arkaly hassalara goldaw hyzmatlaryny hödürlemäge gönükdirilendir.
Taslamanyň esasy düzüm bölekleri bejeriş derejesiniň görkezijilerini we bejerginiň ykdysady taýdan netijeliligini ýokarlandyrmak üçin inçekeseli bejermegiň has gysga we has täsirli bejeriş düzgünlerini ösdürmegi öz içine alýar.
Bu grant BSGG we Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti tarapyndan bilelikde durmuşa geçiriler.
«Bu taslama Türkmenistanyň ilatynyň saglygyna we durnuklylygyna ygrarlydygyny nygtaýar. Milli inçekesel maksatnamasynyň doly suratda içerki maliýeleşdirilişe geçmegi bolsa ýurduň öňdeliginiň we inçekeseliň ähli görnüşleriniň öz wagtynda hem ýokary hilli anyklaýyş hyzmatyna, şeýle hem bejergisine ählumumy elýeterliligi üpjün etmek arkaly Türkmenistanda inçekesel «ýüküni ýeňletmek» borjuna ygrarlydygynyň subutnamasydyr» diýip, BMGÖM-iň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýan belleýär.