Ï «Asyrlaryň yzlary» halkara ylmy ýygyndysynyň ikinji neşiri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Asyrlaryň yzlary» halkara ylmy ýygyndysynyň ikinji neşiri

view-icon 1018

Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligi tarapyndan türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilýän «Asyrlaryň yzlary» halkara ylmy ýygyndysynyň ikinji neşiri çapdan çykdy.

Neşir halkymyzyň taryhy-medeni mirasyna degişli maglumatlar bilen okyjylary tanyşdyrmagy dowam edýär. 2024-nji ýylda Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni we tebigy mirasy goramak hakynda Konwensiýasyna goşulyşmagyna 30 ýyl doldy. Bu geçen döwrüň dowamynda ýurdumyzda taryhy we medeni ýadygärlikleri hemmetaraplaýyn öwrenmek, resmileşdirmek, bir durkunda saklamak hem-de rejelemek, olaryň ýagdaýyna gözegçiligi güýçlendirmek boýunça köp işler amala aşyryldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan tassyklanan «Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» çäklerinde ýurdumyzda gadymy şäher-kentlerde arheologik gözlegler we rejeleýiş çäreleri geçirilýär.

Ylmy ýygyndynyň sahypalarynda milli we halkara arheologik ekspedisiýalar tarapyndan Türkmenistanyň ýadygärliklerinde geçirilen gazuw-agtaryş işleri, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň gaznasynda saklanylýan taryhy tapyndylar barada hasabatlar beýan edilýär.

Neşir Türki medeniýetiň halkara guramasy tarapyndan Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli guralan çäreleriň çäklerinde Aşgabatda geçirilen TÜRKSOÝ-na agza döwletleriň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparlarynyň onunjy maslahatyna bagyşlanan makala bilen açylýar. «Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärlikleriniň goralyşynyň beýany (taryh we häzirki zaman)» atly makalada ýurdumyzyň çäginde köp sanly arheologik obýektleriň we gadymy binagärlik desgalarynyň bardygy, olary öwrenmegiň, gorap saklamagyň möhüm ähmiýete eýedigi nygtalýar.

«Taryh» atly bölümde gadymy grek-rim çeşmelerinde duş gelýän Gerakleýa galasynyň gadymy oturymly ýer bolan Merwerrud ýadygärligine gabat gelýändigi barada gürrüň berýän makala ýerleşdirilipdir. Bu bölümde ýerleşdirilen beýleki bir makalada bolsa XVIII-XIX asyrlardaky Aşgabadyň we onuň çäkleriniň taryhy bilen bagly ozal çap edilen maglumatlara alymlar tarapyndan syn berilýär.

«Arheologiýa» atly bölümde Merwiň Abdyllahan galasynyň günbatar derwezesiniň ýerleşen ýerinde geçirilen arheologik gazuw-agtaryş işleriniň netijeleri, şeýle hem bilelikdäki türkmen-italýan arheologik ekspedisiýasy tarapyndan Murgap derýasynyň gadymy deltasynda ýerleşýän bürünç zamanyna degişli «Togalak-1» ýadygärliginde geçirilen işler baradaky, Köne Nusaý galasynda geçirilen topografik barlaglar, şeýle-de türkmen-rus ekspedisiýasynyň 2023-nji ýylyň güýz we 2024-nji ýylyň ýaz möwsümlerinde Gadymy Margiananyň Goňurdepe ýaýlasynda alyp baran arheologik gözleg-barlag işleri baradaky hasabatlar ýerleşdirilipdir.

«Rejeleýiş» bölüminde Goňurdepeden ýüze çykarylan we Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde saklanylýan diwar bezeginiň parçasynyň konserwasiýasyna bagyşlanan makala okyjylara ýetirilýär. Neşiriň «Numizmatika» bölüminde orta asyrlara degişli teňňelere bagyşlanan makalalar bilen tanşyp bolýar. Olaryň birinde arheologlar tarapyndan Abu Seýit Abul Haýryň (Mäne baba) kümmetiniň ýer düşegi sökülende ýüze çykarylan kümüş dirhemleriň, beýleki makalada bolsa ýurdumyzyň demirgazyk künjeginden tapylan altyn dinarlaryň ýylyny anyklaşdyrmagyň meselelerine garalýar.

«Sungatyň taryhy» atly bölümde giçki antik döwre degişli, 2004-nji ýylda meýdan işleri geçirilende tapylan, toýundan ýasalan heýkeliň saklanyp galan kelle bölegi barada maglumat berilýär. Bu tapyndy Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine tabşyryldy.

Halkara ylmy ýygyndynyň «Arhitektura mirasy» bölüminde bolsa okyjylara Merkezi we Günbatar Aziýanyň orta asyrlar hatyra ymaratlarynyň çadyr görnüşli üçekleri baradaky seljerme makalasy hem-de türkmenleriň Köpetdagyň demirgazyk eteklerindäki giçki ýaşaýyş desgalaryna bagyşlanan makala hödürlenilýär. Neşir Türkmenistanyň gadymy ýadygärliklerini öwrenen iki meşhur alymyň — Wadim Massonyň we Wiktor Sarianidiniň ylmy işlerine bagyşlanan «Şahsyýetler» atly bölüm bilen tamamlanýar.