Ï Pagtanyň orta süýümli täze görnüşleri döredilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Pagtanyň orta süýümli täze görnüşleri döredilýär

view-icon 458
Pagtanyň orta süýümli täze görnüşleri döredilýär

Tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, Daşoguz welaýatynda hem ylmy seçime we pagtanyň ýokary hasylly täze görnüşleriniň döredilmegine uly üns berilýär.

Geçen ýyl bu ýerde geljegi uly bolan orta süýümli pagtanyň täze görnüşi, ýagny «Daşoguz-150»-niň önümçilik synaglary dowam etdirildi. Ony Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Pagtaçylyk ylmy agtaryş institutynyň Daşoguz welaýatyndaky Pagta seçimi we tohumçylyk bölüminiň müdiri Ç.Seýitmyradow ösdürip ýetişdirdi. Täze görnüşli pagta iki ýarym gektar ýere ekildi.

Ony oýlap tapanyň pikiriçe, hasyllylyk orta hasap bilen, her gektardan 35 sentnere ýetipdir. Sebitdäki «Gubadag» görnüşleriniň meşhur sanawyny dowam etdirýän täze önüm, esasy görkezijileri boýunça bu ekine bildirilýän häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýär we dürli häsiýetler boýunça sebitde eýýäm synagy geçen esasy görnüşlerden pes gelmeýär. Dörediji täze önüme ýerli howa şertlerinde gögerijiligi we kesele garşy aşa durnuklylygy, ýokary hasyllylygy we süýüm berkligini, şeýle hem beýleki gowulaşdyrylan ölçegleri «girizmäge» synanyşypdyr.

Bu görnüş bilen bir wagtyň özünde, esasy häsiýetleri taýdan gowy görkezijileri bolan orta süýümli pagtanyň başga bir täze görnüşiniň – «Jeýhun-16»-nyň-da synagy geçirildi. Tapgyrlaýyn synaglaryň netijeleri boýunça, täze görnüşleriň köpçülikleýin önümçilige ýaramlylygy barada netije çykarylar.

Ýurdumyzyň demirgazygynda pagtaçylyk pudagynyň mundan beýläk-de ösüşiniň ýer we suw baýlyklaryny has netijeli hem tygşytly peýdalanmak bilen, hasyllylygy ýokarlandyrmak arkaly gazanylmagy meýilleşdirilýär. Şeýle strategiýa, beýlekiler bilen bir hatarda, ykdysady taýdan peýdaly alamatlara eýe bolan we ösýän şertlere uýgunlaşdyrylan täze ekin görnüşleriniň döredilmegini talap edýär. Şonuň üçin ýerli seçimçiler içerki dokma senagatynyň talaplaryny doly kanagatlandyrýan täze görnüşleri döretmek boýunça yzygiderli işlemegi dowam etdirýärler.