Ï Hyzmatdaşlygyň wajyp meseleleri Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi bilen ara alnyp maslahatlaşyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hyzmatdaşlygyň wajyp meseleleri Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi bilen ara alnyp maslahatlaşyldy

view-icon 516
Hyzmatdaşlygyň wajyp meseleleri Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi bilen ara alnyp maslahatlaşyldy

2025-nji ýylyň 7-nji ýanwarynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Özbegistan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Rawşanbek Alimowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.

Taraplar 2024-nji ýylyň 21-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji umumy mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen yglan edilen «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň» başynda geçirilýän duşuşygyň ähmiýetini bellediler.

Şunlukda, Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlar bilen, hususan-da, Özbegistanyň gatnaşmagynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň» mazmunyna kybap çäreleri geçirmäge bolan meýli beýan edildi

Şeýle hem, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek dogrusynda pikir alyşyldy.