USAID-iň häzirki zaman hünär endiklerini ösdürmek boýunça taslamasy Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Telekeçiler mekdebi bilen bilelikde ýaşlar telekeçiligini ösdürmek boýunça mugt maksatnama gatnaşmak üçin arzalary kabul edýändigini yglan edýär.
Bu başlangyç ýaşlara öz işini üstünlikli ýola goýmak we ösdürmek üçin zerur amaly bilimleri hem telekeçilik endiklerini bermäge gönükdirilendir. Şeýle hem onuň maksady Türkmenistanda ýaşlar telekeçiliginiň ösmegine itergi bermekden ybaratdyr.
Maksatnama gatnaşýanlar onuň çäginde nazary we amaly sapaklary utgaşdyrýan telekeçilik okuwlaryny geçerler. Okuwlar telekeçiligiň esaslary, işewürlik pikirini ösdürmek, işi meýilnamalaşdyrmak, bazarlama we satuw, telekeçiligiň kanuny taraplary, maliýe meýilnamalaşdyryş we dolandyryş ýaly mowzuklary öz içine alýar. Şeýle hem oňa gatnaşýanlar milli geňeşçilerden we tejribeli telekeçilerden maslahat alarlar.
Maksatnama işewür taslamalar bäsleşigi bilen tamamlanar, oňa gatnaşýanlar okuwyň barşynda işlenip düzülen iş taslamalaryny hödürlärler. Bu iň gowy iş pikirlerini kesgitlemäge kömek eder. Bäsleşigiň ýeňijileri pikirlerini hakykata öwürmek üçin terbiýeçilik, maýa goýum mümkinçilikleri ýa-da başga goldaw alyp bilerler.
Bu maksatnama Aşgabatda we ähli welaýatlardaky «Telekeçiler mekdebinde» durmuşa geçiriler.
Maksatnama 2025-nji ýylyň fewral aýyndan aprel aýyna çenli dowam eder. Oňa telekeçilik işi bilen meşgullanmak isleýän 18 ýaşdan 28 ýaş aralygyndaky Türkmenistanda ýaşaýan adamlar gatnaşyp bilerler.
Maksatnama gatnaşjaklar bäsdeşlik esasynda saýlanyp alnarlar.
Maksatnama gatnaşmaga arza bermek üçin, şu salgylanma boýunça soragnamany doldurmaly:
https://docs.google.com/forms/d/e/1FAIpQLSf1G0MaRZ33ap0nYXxpiWYcXJgxdBCYqvz8YwjYhWS6uY5xjw/viewform