Ï Gymmatly çig mal – ýokary hilli önümler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Gymmatly çig mal – ýokary hilli önümler

view-icon 160
Gymmatly çig mal – ýokary hilli önümler

Esasan hem Amyderýanyň kenarynda bitýän buýanyň köki türkmen topragynda önýän milli baýlyklarymyzyň biridir. Mälim bolşy ýaly buýan köki gadymyýetden bäri halk lukmançylygynda hem-de häzirkizaman saglygy goraýyş ulgamynda bejeriji serişde hökmünde, şeýle hem konditer we kosmetika önümçiliginde giňden ulanylýar. 

Buýan köküni ýygnamak, täzeden işlemek we ýurdumyzyň içki bazarlaryna, şeýle hem daşary döwletlere eksport etmek işleri Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň düzümindäki Türkmenabat şäherinde ýerleşýän «Buýan» obasenagat toplumy tarapyndan alnyp barylýar. Kärhana boýunça her ýyl 19 müň tonna töweregi çig görnüşindäki buýan köki taýýarlanylýar. Soňra buýan köki kärhanada täzeden işlenilip, onuň arassalanylyp baglanan önümi, şeýle hem buýan köküniň ekstrakty taýýarlanylýar. Kärhanada öndürilýän önümler dünýä bazarynda uly islege eýe bolup, ol esasan-da Hytaý, Türkiýe, Birleşen Arap Emirlikleri, Serbiýa ýaly döwletlere eksport edilýär. 

 «Buýan» obasenagat toplumynda işleriň guramaçylykly ýola goýlandygyny bellemek buýsançlydyr. Bu ýerde geçen ýylyň ýanwar–dekabr aýlarynda buýan köküniň arassalanylyp baglanan önüminiň 3 müň 10 tonnasy, şeýle hem buýan köküniň 1 müň 299 tonna ekstrakty taýýarlanylyp, bu baradaky meýilnama artygy bilen amal edilipdir. Kärhanada bu önümleri öndürmek boýunça ösüş depgininiň geçen ýylky derejesi bilen deňeşdirilende ep-esli ýokarydygyny hem aýdyp geçmek möhümdir. Kärhanada öndürilen bu gymmatly önümleriň 680 tonna töweregi üwelen külke görnüşli gury ekstrakt, onuň 610 tonna töweregi bolsa, goýy toşap görnüşli ekstraktdyr. 

Ýurdumyzda buýan kökünden alynýan önümleriň täze, möhüm we has uly islegden peýdalanýan görnüşleriniň önümçiligini ýola goýmak boýunça hem anyk işler amala aşyrylýar. Oňa Türkmenabat şäheriniň 2-nji senagat zolagynda buýan kökünden alynýan glisirrizin turşusyny öndürýän döwrebap kärhananyň gurlup, bu möhüm desganyň tamamlanan ýylda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramçylygynyň öň ýanynda dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmaga berilmegi aýdyň şaýatlyk edýär. Bir ýylda 390 tonna glisirrizin turşusyny öndürmäge ukyply bu kärhananyň işe girizilmegi ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň has-da pugtalanmagyna ýardam eder.