Hormatly Prezidentimiziň taryhy ähmiýetli täsirli çykyşlarynda ýerlikli belleýşi ýaly, berkarar Watanymyzy ählitaraplaýyn gülläp ösýän ýurda öwürmekde gazanylýan ýokary üstünliklere Diýarymyzyň zähmetsöýer telekeçilerem özleriniň saldamly goşantlaryny goşýarlar.
Balkan welaýatynyň merkezi Balkanabat şäherinde 2020-nji ýylyň güýzünde işe girizilen döwrebap ýyladyşhana hem şeýle giň gerimli toplumlaýyn aladalaryň ajaýyp miweleriniň biridir.
Uly Balkan dagynyň degresindäki Düzmergen ýaýlasynda bina edilen häzirki zaman ýyladyşhanasy Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň işjeň agzasy Halmämmet Amanmämmedowa degişlidir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe il-ulsumyzyň eşretli, bolelin durmuşda ýaşamagy, raýatlarymyzyň mukaddes topragymyzda ýetişdirilýän dürli ter gök önümler bilen ýylyň ähli möwsüminde ygtybarly üpjün edilmegi, şunda hususy pudagyň mümkinçiliginiň netijeli peýdalanylmagy babatda hormatly Prezidentimiziň edýän döwletli aladalaryna mynasyp goşant goşmak döwrebap ýyladyşhananyň eýesi bolan ussat, guramaçy telekeçiniň esasy maksady bolup durýar. Ýerli bagbanlardyr hünärmenleriň täze ýylyň ilkinji günlerinden başlap gazanýan önümçilik görkezijilerem taryhy eýýamymyzda hususy pudagyň okgunly, depginli ösüşlere eýe bolýandygyny ýene bir gezek bütin aýdyňlygy bilen görkezýär.
Türkiýede, Gollandiýada öndürilen ösen enjamlar bilen birkemsiz üpjün edilen ýyladyşhanada işler kuwwatly tehnologiýalara, kämil işläp taýýarlamalara daýanýar. Şeýle-de ýyladyşhanadan geçen möwsümiň dowamynda alynan pomidor hasylynyň umumy möçberi bir müň tonnadan geçdi.
Bu ýerde ýylylyk, çyglylyk, suwaryş ulgamlarynyň işlerem kadaly ýola goýlupdyr. Ýeri gelende aýtsak, ter gök önümleriň dürli görnüşlerini ösdürip ýetişdirmäge niýetlenilen, umumy tutýan meýdany bäş gektara barabar bolan ýyladyşhana iş orunlarynyň birbada altmyşa golaýyny döretmäge mümkinçilik berdi.
Bereketli ýyladyşhanada agrotehniki talaplara laýyk ýetişýän pomidorlary ýygnamak işleri täze, «2025-nji – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň» ilkinji aýynyň häzirki günlerinde hem guramaçylykly dowam etdirilip, içerki, daşarky bazarlaryň sarp edijilerine yzygiderli ýetirilýär. Munuň şeýledigine türkmen telekeçisiniň ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa, bäsdeşlige ukyply önümleriniň golaýda Russiýa Federasiýasyna ugradylyp başlanmagam aýdyň şaýatlyk edýär.