Ï Türkmen telekeçileri Eýranda geçiriljek IX halkara sergä we maslahata gatnaşarlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen telekeçileri Eýranda geçiriljek IX halkara sergä we maslahata gatnaşarlar

view-icon 3508
Türkmen telekeçileri Eýranda geçiriljek IX halkara sergä we maslahata gatnaşarlar

Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri şu ýylyň maý aýynda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri boýunça Tähranda geçiriljek IX halkara sergä we maslahata gatnaşarlar.

Şu mynasybetli, Eýran tarapy türkmen telekeçilerine resmi çakylyk iberdi.

Sergi bilen bir wagtda gaýtadan dikeldilýän energiýa pudagynda Eýranyň altynjy Milli baýragyny gowşurma dabarasy geçiriler. Çäreler «Milad» maslahat merkezinde bolar. Oňa gatnaşýanlar üçin ýörite maglumat web saýty döredildi: www.irec.irrea.ir.

Eýranyň gaýtadan dikeldilýän energiýa birleşiginiň wekilleriniň ýerine ýetiriji topary maslahata gatnaşjaklary iş duşuşyklary üçin ýörite sergi meýdançalary bilen üpjün etmegiň üstünde işledi.