Ï Serhet edaralarynyň işgärleriniň nobatdaky duşuşygy geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Serhet edaralarynyň işgärleriniň nobatdaky duşuşygy geçirildi

view-icon 2370
Serhet edaralarynyň işgärleriniň nobatdaky duşuşygy geçirildi

Türkmenistan bilen Eýranyň serhedinde ýerleşýän «Artyk» gümrük nokadynda Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň serhet edaralarynyň işgärleriniň üçünji duşuşygy geçirildi.

Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, gümrük, serhet we migrasiýa gulluklarynyň, «Türkmenawtoulaglary» hem-de «Türkmendemirýollary» agentlikleriniň işgärleri wekilçilik etdiler. Oňa Eýran tarapyndan Dargaz şäheriniň häkimi, «Lotfabad» gümrük geçelgesiniň, serhet galasynyň wekilleri, şeýle hem EYR-yň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işgärleri gatnaşdylar.

Duşuşyga gatnaşyjylar «Artyk» (Türkmenistan) we «Lotfabad» (Eýran Yslam Respublikasy) gözegçilik-geçiriş ýerleriniň geçirijilik kuwwatyny we iş wagtyny köpeltmek bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem harytlary gümrük serhetlerinden geçirmegiň, bikanun daşalmagynyň meselelerine garaldy. Şunuň bilen baglylykda, geçiriş nokatlarynda gümrük gözegçiligini geçirmekde çemeleşmeleri umumylaşdyrmagyň maksadalaýykdygy bellendi.