Ï Gahryman Goçmyradowyň sergisi guraldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Gahryman Goçmyradowyň sergisi guraldy

view-icon 1320
Gahryman Goçmyradowyň sergisi guraldy
camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy, nakgaş Gahryman Goçmyradowyň 40 ýaşynyň dolmagyna bagyşlanan şahsy sergisi açyldy. Sergi nakgaş bilen köp sanly sungat söýüjileriniň garaşylan duşuşygy boldy. 

Serginiň açylyşyna nakgaşyň döredijiliginiň muşdaklarynyň ençemesi geldi. Olaryň arasynda Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gowşutgeldi Daňatarow, Türkmenistanyň halk artisti Atajan Berdiýew, Türkmenistanyň halk artisti Gülälek Akmyradowa we beýleki tanymal ildeşlerimiz bardy.

Gahryman Goçmyradow sergide 200-e golaý işini görkezdi, olaryň ençemesi bolsa nakgaşyň ýanýoldaşy Günça Goçmyradowanyňkydy. Suratlar Sergi merkeziniň iki gatyny eýeledi. Birinji gatyň merkezinde, meniň pikirimçe, Gahrymanyň iň gowy «Hassahana» suraty goýlupdyr. Awtor döwrebap hassahananyň 7-nji gatynda lukmanlary we hassalary şekillendiripdir. 

Gahryman Goçmyradow öz suratyna Mämmet Mämmedowyň tanymal «Nury Halmammedow» işiniň göçürmesini goşupdyr, onuň asyl nusgasy Şekillendiriş sungaty muzeýinde saklanylýar. Ol eseriň täsirini goşalandyrypdyr. Garagol oglanjyk liftiň düwmelerini basýar, belki, şonuň üçindir, sanjym otagynyň şepagat uýasy liftiň gelerine şeýle köp garaşýandyr. Suratkeşiň synçylygyna we degişmesine sarpa goýýarsyň. Esasy zat, işiniň artykmaçlygy – gaharlandyrýan däl-de, eýsem, güldürip bilýän reňkler sazlaşygydyr.

– Men iki sözde şeýle diýjek: «Gahryman Goçmyradow – türkmen žiwopisiniň parlak ýyldyzy» – diýip, türkmen žiwopisiniň ýaşulusy, Türkmenistanyň halk suratkeşi Annadurdy Almämmedow Gahrymana ýokary baha berdi.

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kirişli saz gurallary kwartetiniň ýerine ýetiren sazlary sergini has gyzykly çärä öwürdi.

– Gahryman Goçmyradow surat çekmekde ussat nakgaş – diýip, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, sungat öwreniji Azat Annaýew öz pikirlerini beýan etdi. – «Tans» we «Ýyldaşlaryň duşuşygy» suratlarynda tekiz surat mozaýka meňzedýän zatlardan doly. Bu-da ony özüne çekiji edýär. 

«Doglan gün» suratynda we «Gülbakjam» triptihinde, misli suratkeş ganatly bolup, ol aşakda bolýan zatlara ýokardan syn edýän kysmy olara ýokardan bakyş nazaryndan şekillendirilipdir. Netijede, olaryň täsiri has güýçlenýär. Galyberse-de, Gahryman suratlarynda açyk, ýiti reňkleri ulanýar. «Gülbakjam» triptihinde Gunçanyň we Gahrymanyň çagalary gyrmyzy gülli, ençe kebelekli örtügiň üstünde süýji uklap ýatyrlar. Suratkeş suratyň göreje täsirini güýçlendirmek üçin dokma önüminiň reňklerini ulanyp, ajaýyp eser döredipdir.

Gahryman Goçmyradow hemişe gözlegde bolup, täze tär tapýan suratkeş. Onuň «Habyl hem Kabyl» spektaklyna çeken suratlarynyň arasynda, biziň pikirimizçe, has üýtgeşik bir eskiz bar. Gahryman ýarty bölünen alma şekilinde onuň çigitlerine derek kinniwanja erkek bilen aýal keşplerini şekillendiripdir. Şunluk bilen ol adamzadyň ýaradylyşy baradaky gadymy tymsaly ýatlatdy.

Onuň çeken manzarlary-da özüne maýyl edýär. Mysal üçin, onuň ussahanasynyň ýerleşýän howlusynyň görnüşi Wan Goguň usulynda çekilipdir. Hiç zat üýtgemedik ýaly – jaýam, iki agajam we derweze-de şol öňküsi ýaly, ýöne postimpressionistik manzar birneme saýry görünýär. Realistik görnüşde döredilen «Duralga» suraty şeýle bir özüne çekiji welin, misli, mende tomaşaçy däl-de, eýsem, beýleki adamlar bilen birlikde awtobusa garaşýan adam ýaly duýgy döredi.


Gunça Goçmyradowa adamsy bilen birlikde, gül desselerini we gutlaglary kabul edýärdi.

Ol: – Meniň ajaýyp suratlarym bar – diýip, ýylgyrdy. – Çünki men çagalaryma terbiýe berýärin. Olara erteki aýdyp berýärkäm, aňymda suratlaryň sudury döreýär, eskizi taýýar bolanda çagalarym reňklemäge kömek edýärler – olaryň reňkini salgy berýärler. Şeýdibem, «Ýartygulak», «Akpamyk», «Böwenjik» we beýleki suratlarymy döretdim. Gunçanyň fantaziýasynyň hem çägi ýok. Mysal üçin, «Ýartygulak» suratynyň ýokarysynda tamdyr çörek bar. Ol Güni aňladýar. Öýünde Ýartygulak dünýä gelen gojadyr kempirem asla garry däl. Bir söz bilen aýdylanda, onuň suratlarynda geň galdyryjy zat köp.

Goçmyradowlaryň işleriniň sergisinde özüne çekiji zat kän, şol sebäpdenem olaryň saýry ýerlerine syn etmekden lezzet almak üçin, belki-de, sergä barsaňyz gerek.