Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Broadway and Beyond» atly konsert boldy. Oňa Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri, Balkan welaýatynyň ýaşlar hory we meşhur estrada aýdymçylary bilen birlikde amerikaly üç aýdymçy gatnaşdy.
![]() |
![]() |
![]() |
![]() |
Brodweýli myhmanlar – Keýt Bass, Aaron Ýang we Riçard Steýgner – estrada aýdymçylary Döwran Şammyýew, Munisa Hudaýbergenowa we Bahar Durdyýewa bilen bilelikde çykyş etdiler.
Konsertde Brodweý aýdymlary, milli aýdymlar, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň iňlis diline terjime edilen goşgularyna döredilen aýdymlar ýaňlandy. «Aglama» atly aýdymy tomaşaçylaryň biri Elçin Gulamow ýerine ýetirdi.
![]() |
![]() |
![]() |
![]() |
Tomaşaçylar sahnada bagşylara mahsus agras dutarçy Söhbet Annamyradowyň çykyşyna kreatiw seslendiler. Tomaşaçylar amerikaly artistleriň sahna maýyl edijiligine gowy baha berdiler. Ýeri gelende, olaryň ikisiniň Türkmenistana ozal hem gelendiklerini aýtmalydyrys.
![]() |
![]() |
![]() |
![]() |
Ahyrky «You will be found» atly aýdymy aýdymçylaryň ählisi üýşüp bilelikde aýtdylar. Sesleriň utgaşygynda türkmen hem amerikaly artistleriň dostlugy we özara düşünişmegi gowy duýulýardy.
Mukamlar köşgündäki konsert ABŞ-dan gelen myhmanlaryň, şeýle hem türkmen aýdymçylarynyň we sazandalarynyň gatnaşýan döredijilik syýahatynyň başy boldy. Indiki konsert Türkmenbaşy şäherinde geçiriler.