Ýurdumyzyň Gündogar sebtiniň ähli etraplarynda gowaça ekişine taýýarlyk işleri guramaçylykly dowam edýär. Ekiş döwründe kuwwatly tehnikalaryň köpçülikleýin we doly güýjünde işledilmegi bu jogapkärli möwsümi öz wagtynda we ýokary hil derejesinde geçirmeklige şert döredýär.
Şu nukdaý nazardan ugur alnyp, häzirki wagtda welaýatyň «Lebapobahyzmat» önümçilik birleşiginiň etraplardaky «Obahyzmat» önümçilik kärhanalaryna hem-de daýhan birleşiklerine degişli bolan oba hojalyk gurallarynyň aglabasynyň möwsüme taýýar edilmegi aýratyn bellärliklidir. Has takygy, şu döwre çenli welaýatda bar bolan 4 hatarly СЧН – 4БЭ Pes – 4 görnüşli kämil ekijileriň 336 sanysynyň 310-dan gowragy, «Monosem» görnüşli takyk gowaça ekijileriň 64 sanysynyň ählisi, «Gaspardo», «Gansa-31» kysymly takyk gowaça ekijileriň hem 20-ä golaýy tehniki taýdan gözden geçirilip, möwsüme doly taýýarlyk ýagdaýynda goýlupdyr.
Welaýatda gowaça ekijiler bilen birlikde gögeriş gazanylan ýerlerde gowaçalaryň hataraara bejergisini gerirmeklige niýetlenen oba hojalyk gurallaryny taýýarlamak işleriniň hem tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýandygyny belläp geçmek bolar. «Lebapobahyzmat» önümçilik birleşiginiň ygtyýarynda bar bolan 66 sany 6 hatarly «Orthman-8325»görnüşli kultiwatorlaryň we bu kärhana degişli 33 sany 8 hatarly «Orthman-8375» kysymly kultiwatorlaryň ählisi, şeýle hem KHU 4B görnüşli kultiwatorlaryň hem 900-e golaýy gözden geçirilip, möwsüme taýýarlyk ýagdaýyna getirilipdir.
Ýeri gelende gowaça ekişi möwsüminde işlediljek tehnikalar, ekijiler we tirkeg gurallary üçin ätiýaçlyk şaýlarynyň hem ýeterlik mukdarda taýýarlanylýandygyny belläp geçmek möhümdir. Sebitde bu ugurda zerur bolan ätiýaçlyk şaýlary, esasan, Türkmenabadyň tejribe-synag abatlaýyş zawodynda ýasalýar. Bu ýerde plastikden, ýagny polipropilenden, şeýle hem alýuminiý we çoýun metallaryndan eredip guýmak arkaly ýasalýan ätiýaçlyk şaýlary hiliniň ýokarylygy, durnuklylygy we önümiň özüne düşýän gymmatynyň pesligi bilen tapawutlanýar. Lebap welaýatynyň oba hojalykçylarynyň ýaz ekişine ykjam we ählitaraplaýyn taýýarlykly gelmekleri, olaryň gowaça ekişini bellenilen möhletde, agrotehniki kadalara ýaýyklykda geçirjekdiklerine güwä geçýär.