Ï Türkmen milli at üstündäki oýunlaryň şöhratly däplerini dowam etdirijiler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen milli at üstündäki oýunlaryň şöhratly däplerini dowam etdirijiler

view-icon 2102
Türkmen milli at üstündäki oýunlaryň şöhratly däplerini dowam etdirijiler
camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

«Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!» sözleri we sazy türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň zehininden dörän bu aýdym setirleri Monako Knaýzlygynyň Monte-Karlo şäheriniň rowaýaty «Fonwýeý» sirkiniň gümmeziniň astynda batly ýaňlandy. 

Bu ýerde 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynyň çäginde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary çykyş etdi.

Türkmen atlylary üçin özboluşly sena öwrülen bu meşhur aýdyma hatda türkmen dilini bilmeýänlerem goşulyp, birlikde aýtdylar. Iň ajaýyp pursatlaryň biri-de, çapyp barýan atyň üstündäki çapyksuwarlaryň buýsanç bilen galdyran Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň şu aýdymyň astynda parlamagydyr. Bu oýna tomaşa edeniňde, ahalteke atlarynyň, hakykatdanam, ganatlydygyna ynanýarsyň.

Zähmetsöýerlik we Watana bolan söýgi türkmen çapyksuwarlaryna abraýly festiwalda dabaraly ýeňiş getirdi. Rowaýata öwrülen bu meýdançada çykyş etmek arzuwyna ýetmek üçin ýigitler erjel türgenleşik we ýadawsyz zähmet ýoluny geçdiler. Olary gazanan ýeňişleri bilen gutlamak üçin «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetiniň redaksiýasynyň habarçylary Türkmen döwlet sirkine bardylar.

At üstündäki oýunlar diňe bir at çapmak sungaty däl, eýsem, wepaly hemralaryň, ýagny atlar bilen özara ynama we utgaşyklylyga esaslanýan hemişelik türgenleşikdir. Biz topary sahnada iş üstünde gördük, bu ýerde her gün täze oýunlara ezberleşilýär we çapyksuwarlaryň ussatlygy kämilleşýär.

Türkmen milli at üstündäki oýunlar mekdebi çuňňur däp-dessurlara we nesilleriň dowamlylygyna esaslanýar. Bu oýunlary halkara meýdançalarda buýsanç bilen görkezen Batyr Annaýew, Döwlet Hojabaýew, Bäşim Annaýew we Amandurdy Annaýew ýaly meşhur çapyksuwarlaryň atlary sirk sungatynyň taryhyna hemişelik ýazylandyr. 

Häzirki wagtda türkmen milli at üstündäki oýunlarynyň iň gowy däplerini Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Pygy Baýramdurdyýewiň neberesi tarapyndan dowam etdirilýär we ösdürilýär. Ussatlygyň syrlary atadan ogla – «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň ýolbaşçysy Serdar Pygyýewe we at çapmagyň özboluşly usulyny özleşdirmäge çalyşýan ýaş çapyksuwarlaryň uly toparyna geçýär.

Monte-Karloda geçirilen halkara sirk sungaty festiwalynda üstünlikli çykyş edeninden soň, Serdar Pygyýewe atçylygy ösdürmäge we türkmeniň milli genji-käni hem buýsanjy bolan ahalteke atlarynyň tohumlyk häsiýetlerini gorap saklamaga goşan saldamly goşandy üçin «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýlen hormatly at dakyldy. 

Bu bolsa onuň üçin uly hormat we jogapkärçilik, şeýle hem has yhlasly işlemegi üçin goşmaça itergi boldy.

– Zähmetime ýokary baha berleni üçin hoşallygymyň çägi ýok, – diýip, Serdar Pygyýew aýdýar. – Meniň maşgalam we kakam durmuşymyň diregi we esasydyr. Bedewe bolan söýgi we atçylyk däplerine hormat bizde nesilden-nesle geçip gelýär. Ýurdumyzyň Hökümetiniň berýän goldawy we ünsi, şeýle hem bize döredilen mümkinçilikler üçin çäksiz hoşaldyrys. Türkmenistanda atçylyga we milli at üstündäki oýunlara goşant goşan halypalara aýratyn hormatym bar. Olar meniň üçin nusga. Menem şolar ýaly bolmaga ymtylýaryn.

«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň hakyky bezegi ýaş çapyksuwar gyzlardyr. Olaryň arasynda meşhur seýsiň gyzy Medine Baýramdurdyýewa-da bar. Ol at üstündäki oýunlar we sirk sungaty bilen çagalykdan meşgullanyp başlady we Monte-Karloda geçirilen halkara festiwalda ussatlygy bilen tomaşaçylary ýesir etdi.

Daşary ýurtly tomaşaçylaryň toparyň çykyşlaryna alkyşy olarda uly täsir galdyrdy. Aýratyn-da, tomaşaçylaryň duýgulary ýatda galyjydy.

– Dürli milletden bolan adamlaryň Türkmenistanyň milli at üstündäki oýunlar sungatyna we medeniýetine haýran galýandygyny görmek bahasyna ýetip bolmajak zat – diýip, Serdar Pygyýew aýdýar.

Monte-Karlo sapar at üstündäki oýunlaryň baý däplerini we türkmen halkynyň täsin medeni mirasyny bütin dünýä görkezmek üçin ajaýyp mümkinçilik boldy. «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen 2025-nji ýylda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary türkmen milletiniň beýikligini aýdyň beýan edip, bu başlangyjy uly höwes bilen görkezdi – «Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!»