Ï Dürli ýurtlaryň tebigatynyň gözel ýerleri türkmen suratkeşleriniň gözi bilen
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Dürli ýurtlaryň tebigatynyň gözel ýerleri türkmen suratkeşleriniň gözi bilen

view-icon 1910
Dürli ýurtlaryň tebigatynyň gözel ýerleri türkmen suratkeşleriniň gözi bilen
camera-icon
Wýaçeslaw Sarkisýan

Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň sungat galereýasynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan sergi açyldy.

Serginiň açylyş dabarasyna hormatly myhmanlar, şol sanda Türkmenistanyň Gahrymany, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rustemowa, Türkmenistanyň Gahrymany, Halk suratkeşi Saragt Babaýew we beýleki tanymal medeniýet hem sungat işgärleri gatnaşdylar.

Serginiň guramaçylary gutlag sözlerinde sungatyň ählumumy döredijilik dilinde gürleşmäge mümkinçilik döretmek bilen, halklary birleşdirip bilýändiginiň aýdyň mysalydygyny bellediler.

Sergide Işanguly Işangulyýew, Öwezmuhammet Mämmetnurow, Ýarly Baýramow, Möjek Çaryýew, Rejepmuhammet Berdiýew we adygan beýleki suratkeşleriň eserleri görkezilýär.

Işleriň her biri dünýäniň ýüzüne açylmak bilen, milli medeniýetleriň gaýtalanmajak howasyny we ruhuny görkezýän penjiredir.

Ýer ýüzüniň dürli künjegine baryp gören türkmen nakgaşlarynyň suratlarynda ajaýyp peýzažlar we etýudlar şekillendirilipdir. Olar, göýä, Sankt-Peterburgyň meşhur Newa köçebagynda, Parižiň haýran ediji köçelerinde hyýaly gezelenç etmäge, Warşawanyň gyş görnüşlerine çümmäge çagyrýan ýaly.

Bu ýerde Özbegistanyň joşgunly manzaralaryny, Florensiýanyň şäher sahnalaryny we Türkiýäniň güneşli pursatlaryny hem görmek bolýar.

Mundan başga-da, sergide Gülara Babaýewanyň we Maral Ataýewanyň keramika eserleri görkezilýär. Awtorlar dürli stilleriň we däpleriň elementlerini ussatlyk bilen utgaşdyryp, hakykatdanam, üýtgeşik zatlar döredýärler. Mysal üçin, Gülara Babaýewa pöwrizeli keramika däplerini täzeden döretmäge çalyşýar we riştan tehnikasyny öwrenmekden ylham alýar. Eksponatlaryň arasynda sowuklaç kobalt we siren öwüşginleriniň täze reňk utgaşmasynda ýerine ýetirilen eserleriniň tutuş toplumy bar.

Hersiniň özboluşly häsiýeti bolan bäş sany kiçijek balygyň şekili çekilen «Ummanyň syry» atly iş adaty dälligi bilen haýran galdyrýar. Aşgabadyň we awtoryň ýaşaýan ýeri bolan onuň etekleriniň ajaýyp görnüşleri bilen bezelen küýzeler oýlanmaga hem ylham almaga itergi berýär.

Fewral aýynyň ahyryna çenli dowam etjek bu sergi sizi baý çeper mirasy görkezýän we halklaryň arasynda parahatlygyň hem ynanyşmagyň möhümdigini nygtaýan özboluşlylyk bilen tanyşmaga çagyrýar.