Ï Türkmenabatda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli maslahat geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenabatda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli maslahat geçirildi

view-icon 4507
Türkmenabatda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli maslahat geçirildi

Ýurdumyzda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna hem-de 2025-nji ýylyň şygaryna bagyşlanan dürli maslahatlar geçirilýär. Bu maslahatlarda şu ýyl geçirilmesi meýilleşdirilýän çäreler ara alnyp maslahatlaşylýar. 

«Parahatçylyk, abadançylyk – mizemez ösüşiň berk binýadydyr» atly şeýle maslahatlaryň biri-de ýakynda Lebap welaýatynyň häkimliginde geçirildi.

Çärä Türkmenistanyň Mejlisiň deputatlary, welaýat, şäher we etrap Halk Maslahatynyň agzalary, jemgyýetçilik guramalaryň, syýasy partiýalaryň wekilleri, hormatly ýaşulular we talyp ýaşlar gatnaşdy.

Çykyş edenler Bitarap Türkmenistanyň şu gün ýurdumyzyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirýän içeri we daşary syýasatlarynyň dünýä jemgyýetçiliginde giň goldaw tapýandygyny bellediler; BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip kabul etmek baradaky Karary-da muny tassyklaýar. Şeýle hem bu waka bilen baglanyşyklylykda welaýatda dürli çäreleriň geçirilýändigi we Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny bellemäge işjeň taýýarlyk görülýändigi bellendi.

Ýygnananlar çykyş edenleriň şu ýyly zähmet üstünlikleri bilen bellemek we ýurduň abraýyny berkitmek üçin mynasyp goşant goşmak baradaky tekliplerini goldadylar. Maslahatyň dowamynda oňa gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza Watanymyzyň gülläp ösmegi we halkymyzyň bagtly durmuşy ugrunda alyp barýan uly göwrümli işlerinde üstünlikleri arzuw etdiler.