«Türkmenawtoulaglary» agentliginiň düzümine girýän Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy Türkmenistanyň çäklerinde ýük daşamak hyzmatlaryny hödürleýär. Şunuň bilen baglylykda, kompaniýa tutuş ýurt boýunça ýük daşamak üçin ulanylýan ulaglaryň sanawyny berdi.
Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy her bir müşderi üçin amatly ugurlary işläp düzýär we zerur resminamalary taýýarlamaga kömek edýär. Kärhananyň awtoulag parkynda dürli kysymly we kuwwatly ýük awtomobiller, şol sanda «Kamaz», «Volvo», «Renault», «Mersedes» we «Iveco» ýaly awtoulaglar bar. Hyzmatlaryň bahasy ulagyň kysymyna we ýüküň görnüşine baglylykda üýtgeýär.
Elýeterli ulaglaryň we nyrhlaryň doly sanawy bilen salgy boýunça tanyşmak bolar.