Ýakynda Arkadag şäheriniň agrosenagat toplumynda «Arkadag şäherinde ekologik abadançylygy üpjün etmek» mowzugynda maslahat geçirildi. Maslahat 2024 – 2052-nji ýyllar üçin şäheriň ösüşiniň baş ýörelgesiniň çäginde ýola goýuldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan başy başlanan «akylly şäher» taslamasynyň sazlaşykly we hemmetaraplaýyn ösüş ýolunda hereket edýändigini bellemelidiris. Şähere berlen halkara şahadatnamalar we ýokary baýraklar munuň aýdyň tassyklamasydyr. Bellenilişi ýaly, «akylly» şäher düşünjesi häzirki zaman binagärlik we dizaýn ugurlary bilen jaý gurmagyň iň gowy milli däplerini öz içine alýar. Ekologiýa jähetlerini-de goşmak bilen, halkara ülňülerine laýyk gelýän işlenip düzülen toplumlaýyn infrastruktura ýaşaýjylar üçin ýaramlylyk we amatlylyk şertlerini döredýär. Aslynda, bu Türkmenistanyň syýasy strategiýasynyň esasyny düzýän «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgesiniň durmuşa geçirilmegini görkezýär.
Arkadag şäheriniň daşky gurşawy goramak bölüminiň başlygy G.Ýagşygeldiýew öz çykyşynda Türkmenistanyň BMG-niň tebigat goragyna degişli esasy şertnamalar we tebigat goragyna dahylly çäreleriň netijeliligini üpjün edýän beýleki halkara resminamalar boýunça borçnamalaryny yzygiderli ýerine ýetirýändigini aýtdy.
– Esasy Kanunda konstitusion ýörelge berkidilendir, oňa laýyklykda ýer we ýerasty baýlyklar, suw, ösümlik we haýwanat dünýäsi, şeýle hem beýleki tebigy gorlar Türkmenistanyň milli baýlygy bolup, döwlet tarapyndan goralýar we oýlanyşykly ulanylmalydyr. Bu halkara ekologik hukugynyň we konstitusiýa düzgünleriniň sazlaşykly utgaşdyrylýandygyny-da görkezýär – diýip, G.Ýagşygeldiýew sözüniň üstüni ýetirýär.
Arkadag şäheriniň Agrar partiýasynyň komitetiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty S.Begmyradow çykyş edip, şäheriň diňe bir ykdysadyýet we jemgyýetçilik babatynda däl, eýsem, daşky gurşawy goramak pudagynda-da synag taslamalary we innowasiýalar üçin geljegi uly ýerlige öwrülendigini aýtdy.
Mundan başga-da, maslahatda Türkmenistanda ekologiýa maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi we howanyň gowulaşmagyna, biodürlüligiň goralmagyna we ýokarlanmagyna goşant goşýan tokaý zolaklarynyň döredilýändigi bellendi. Täze, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalaryň, «ýaşyl» ykdysadyýetiň, sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy, ilatyň öz ýurdumyzda öndürilen ekologik önümler bilen üpjün edilmegi, şeýle hem ýurduň ekologik howpsuzlygy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir.