Ï Türkmenistan milli ykdysadyýetiniň ynamly ýokarlanýandygyny görkezýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan milli ykdysadyýetiniň ynamly ýokarlanýandygyny görkezýär

view-icon 3846
Türkmenistan milli ykdysadyýetiniň ynamly ýokarlanýandygyny görkezýär

Her ýylda milli ykdysadyýetiň makro ykdysady görkezijileri durnukly ösüş görkezýär. Bu bolsa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini we hilini has-da ýokarlandyrmak boýunça saýlap alan strategiýasynyň oýlanyşyklydygyna hem-de öňdengörüjiliklidigine aýdyň şaýatlyk edýär.

2024-nji ýylyň netijeleri boýunça jemi içerki önüm 6,3 göterim ýokarlandy. Bu görkeziji senagat pudagynda 1,5 göterime, gurluşykda 11 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 7,2 göterime, söwdada 10,1 göterime, oba hojalygynda 5,3 göterime, hyzmatlar ulgamynda 8,6 göterime deň boldy. 2023- nji ýyl bilen deňeşdirilende, 2024-nji ýylda önüm öndürilişi jemi 12,1 göterim artdy.

Ykdysadyýetiň pudaklarynda öňyn önümçilik görkezijileri gazanyldy. Geçen ýylda bölek söwdanyň möçberi 2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende 13,1 göterim köp boldy. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky 2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 10,6 göterim ýokarlandy. Hasabat döwründe zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda hem-de doly maliýeleşdirildi.

2024-nji ýylda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň meýilnamasy doly ýerine ýetirildi hem-de 2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende görkeziji 9,1 göterim artdy. Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, milli ykdysadyýetiň, şol sanda bank ulgamynyň durnukly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen toplumlaýyn çäreler üstünlikli durmuşa geçirilýär.

2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende 2024-nji ýylda hususy ulgama, şahsy taraplara, kiçi we orta telekeçilige banklar tarapyndan berlen karzlaryň möçberi artdy. Şunuň bilen bir hatarda, oba hojalyk önümlerini öndürijilere berlen karzlaryň görkezijileri ýokarlandyryldy. Bu görkeziji 30,7 göterime barabar boldy.

2025-nji ýylyň 1-nji ýanwary ýagdaýyna görä, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, şeýle hem welaýatlarda raýatlara gozgalmaýan emlägi satyn almak üçin berlen karzlaryň möçberi 16,2 göterim artdy. Geçen ýyl ykdysadyýetiň döwlete degişli däl ulgamynda oňat görkezijiler hasaba alyndy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň 2024-nji ýylyň netijelerine bagyşlanan giňişleýin mejlisine gatnaşyjylara ýüzlenip, hasabat döwründe jemi 5 müň 735 sany täze iş orunlarynyň döredilendigini belläp geçdi. Ýurdumyzda öndürilen önümleriň eksport edilen möçberi 12 milliard amerikan dollaryndan gowrak boldy.

Şeýle hem, milli ykdysadyýetiň binýadyny pugtalandyrmak, ekoulgamlara innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, ykdysadyýetde hususy ulgamyň paýyny artdyrmak arkaly täze önümçilikleri döretmek boýunça netijeli işleri dowam etmegiň möhümdigi nygtaldy. Geçen ýyl maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna önümçilik we durmuş medeni maksatly desgalaryň 86-sy açyldy, 1 million 145 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýlary ulanylmaga berildi. Müňlerçe maşgalalar jaý toýlaryny tutdylar. Arkadag “akylly” şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşygy dowam edýär.

Geçen ýyl alnyp barylan ýokarda görkezilen işleriň netijelerinden görnüşi ýaly ýurduň ykdysadyýeti ýokary depginler bilen ösýär. Ilatyň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilen ähli döwlet maksatnamalary bellenen möhletlerinde hem-de ýokary hilli durmuşa geçirilýär.