Geçen hepde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda 2024-nji ýylda ykdysadyýetiň pudaklarynyň alyp baran işleriniň netijeleri jemlendi hem-de döwletimizi 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň geljekki wezipeleri kesgitlendi.
2025-nji ýylda Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum maksatnamasy gün tertibiniň esasy meseleleriniň biri boldy. Maksatnama ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralar, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlikleri bilen bilelikde işlenilip taýýarlanyldy.
Ýediýyllyk Prezident maksatnamasynyň hem şu ýyl üçin Döwlet býujetiniň esasynda düzülen bu resminamanyň taslamasynda şu ýyl garaşylýan makroykdysady görkezijiler, ähli pudaklar boýunça önümçilik meýilnamalary, ýerine ýetirilmeli işler, welaýatlar, Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça durmuş-ykdysady ösüşiň görkezijileri hem-de maýa goýumlaryň möçberleri bellenildi. Şunuň bilen bir hatarda işjeň maýa goýum syýasatynyň durmuşa geçirilmegi, ilatyň girdejileriniň yzygiderli ýokarlanmagy we türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň mundan beýläk-de gowulandyrylmagy bilen baglanyşykly çäreler göz öňünde tutuldy.
Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyz «Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny tassyklamak hakynda» Karara gol çekdi.
Türkmenistanyň Prezidenti mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, bu maksatnama laýyklykda şu ýyl jemi içerki önümiň ösüş depginini 6,3 göterim derejesinde saklamagyň, ykdysadyýetiň pudaklarynyň we ýurduň welaýatlarynyň durnukly ösüşini üpjün etmegiň, önümçilik kärhanalary doly güýjünde işletmegi gazanmagyň, täze kärhanalary gurmagyň hasabyna 3000-den gowrak iş orunlaryny döretmegiň, daşary söwda dolanyşygyny 200 milliard amerikan dollaryna çenli ýetirmegiň göz öňünde tutulýandygyny nygtady.
Şeýle hem kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek, jemi içerki önümiň düzüminde hususy ulgamyň paýyny 71,6 göterime çenli ýetirmek meýilleşdirilýär. Aýlyk zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary 10 göterim ýokarlandyrylmagy arkaly ilatyň girdejisi artdyrylar, türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuş derejesi has-da gowulanar.
2024-nji ýylda tutuş ýurt boýunça önümçilik we durmuş maksatly iri desgalaryň 86-sy ulanmaga berildi. Olaryň hatarynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň täze binalar toplumy, Aşgabat şäher häkimliginiň binalar toplumy, «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplum, Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezi we Halkara ylmy-kliniki fiziologiýa merkezi, Bäherden we Lebap sement zawodlarynyň 2-nji tapgyry, «Aşgabat-Türkmenabat» ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen-Mary bölegi, «Balkan-Daşoguz» elektrik geçiriji ulgamy we «Daşoguz» elektrik bekedi, «Bagtyýarlyk» suw arassalaýjy desga, Aşgabatda Parahat 7 ýaşaýyş toplumynda 9 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 13-si, Daşoguz şäherinde 70 sany 4 gatly ýaşaýyş jaýlary we desgalar toplumy, şeýle hem 5 sany orta mekdep we 2 sany çagalar bagy bar.
Şu ýyl bolsa ýurdumyzyň ykdysadyýetine maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna 40 milliard manat möçberde maýa goýumlar gönükdiriler.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna» laýyklykda, şu ýyl meýdany 500 müň inedördül metre barabar bolan ýaşaýyş jaýlaryny, 4620 orunlyk umumybilim berýän mekdepleri, 2000 orunlyk çagalar baglaryny gurup ulanmaga bermegiň meýilleşdirilýändigini aýtdy.
Halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak üçin bu maksatnamany amala aşyrmagyň çäklerinde welaýatlarda hem-de paýtagtymyzda birnäçe täze gurluşyklara badalga berler. Şeýle hem käbir desgalaryň we binalaryň gurluşygyny tamamlamak meýilleşdirilýär.
Şu ýyl Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda Öňaldy we Kaka etrabynyň Gowşut geňeşliklerinde täze obalary, Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynda täze döwrebap obalary, Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda täze döwrebap şäherçäni, Balkan welaýatynda Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsini, Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesinde Halkara howa menzili toplumyny ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem Aşgabat-Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary-Türkmenabat bölegini, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýokary okuw mekdebini ulanmaga tabşyrmak meýilleşdirilýär.
Ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak maksady bilen awtoulag ýollaryny, aragatnaşyk, suw, gaz, energiýa üpjünçilik ulgamlaryny çekmäge hem-de arassalaýjy desgalary gurmaga köp serişdeler bölünip berler.
Ýokarda beýan edilenlerden görnüşi ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda bu ugurda iri möçberli özgertmeler amala aşyrylýar. Şol özgertmeler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň ähli halk hojalyk toplumynyň depginli ösüşini üpjün etmäge gönükdirilendir.