Berkarar Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan yzygiderli ösdürmekde ulag hyzmatlarynyň üstaşyr hem-de eksport mümkinçiliklerini artdyrmak möhüm şertleriň biri bolup durýar.
Bu ugurda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän giň möçberli beýik işler aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.
Hormatly Prezidentimizi şu ýylyň 7-nji fewralynda geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda» ulanmaga beriljek desgalary aýratyn belläp geçmegi hem oňa bütin aýdyňlygy bilen şaýatlyk edýär. Olaryň hatarynda agzalan derwaýys desgalaryň biri-de Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesindäki Halkara howa menzili toplumydyr.
Ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, ulagyň bu görnüşinde ýolagçy gatnatmak we ýük daşamak işlerinde hyzmatyň hilini ýokarlandyrmak, netijede Diýarymyzyň ählumumy ulag-aragatnaşyk ulgamyna işjeň goşulyşmagyny üpjün etmek esasy maksat bolup durýar.
Gahryman Arkadagymyzyň ak patasy bilen 2022-nji ýylyň iýul aýynda gurluşygyna girişilen Halkara howa menzili toplumyny häzir 275 gektardan gowrak umumy meýdany tutýar. Sagatda 100 ýolagça hyzmat etmäge ukyby bolan Halkara howa menzili toplumynda dünýäniň meşhur önüm öndürijileriniň öňdebaryjy tehnologiýalary, iň kämil aeronawigasiýa düzümleri düýpli ornaşdyryldy. Bu ýerde dikuçarlaryň dördüsi, uçarlaryň altysy üçin duralgalaryň göz öňünde tutulmagy halkara derejeli howa menzilinde dürli görnüşli howa gämilerini kabul etmäge döwrebap şertleri döreder. Şunda hyzmatlaryň ýokary hil derejesiniň esasy orunda durýandygyny aýratyn bellärliklidir. Munuň özi, Jebeldäki Halkara howa menzili toplumynda ýolagçylary gatnatmakda hem-de ýükleri daşamakda ýerli we daşary ýurt gatnawlaryna halkara hil ülňülerine laýyk hyzmat etmäge doly mümkinçilik berer.
«Türkmenhowaýollary» agentliginiň buýurmasy esasynda gurulýan howa menzilde uçuş-gonuş zolagy 3200 metre deňdir. Şeýle-de ýolagçy we ýük terminallary, 20 orunlyk uçarmanlar üçin gulluk myhmanhanasy, beýikligi 35 metr bolan howa hereketini dolandyryş diňi, halas ediş hem-de ýangyna garşy göreş gulluklarynyň binasy, howa gämilerine tehniki taýdan hyzmat etmäge niýetlenen ýöriteleşdirilen ulaglar gullugy, transformator bekedi, suw saklaýan rezerwuarlar, daşky eltiji ulgamlar, kömekçi binalar bar.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Gündogdy» hususy kärhanasy tarapyndan gurulýan döwrebap howa menzili toplumynyň gurluşygynda dürli kuwwatly tehnikalaryň ýüzlerçesi doly güýjünde işledildi. Häzirki wagtda bu ýerde ulanyşa tabşyrmak üçin taýýarlyk işleri ýokary depginde alnyp barylýar.