Ï Aşgabatda geçiriljek medeni çäreler: Italýan dizaýnynyň güni, sahna oýnunyň ilkinji görkezilişi we sirk çykyşlary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda geçiriljek medeni çäreler: Italýan dizaýnynyň güni, sahna oýnunyň ilkinji görkezilişi we sirk çykyşlary

view-icon 4510
Aşgabatda geçiriljek medeni çäreler: Italýan dizaýnynyň güni, sahna oýnunyň ilkinji görkezilişi we sirk çykyşlary

Şu hepde Aşgabatda birnäçe medeni çäre geçiriler. 12-15-nji fewral aralygynda Aşgabatda Italiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan guralan Italýan dizaýny gününe bagyşlanan çäreler geçirilýär.

Maksatnama talyplar, dizaýnçylar we binagärler üçin okuwlary öz içine alýar. Italiýanyň «Modenese Gastone Interiors Srl Leandro» kompaniýasynyň dolandyryjysy Skalko çärä myhman çagyrylypdyr.

16-njy fewralda sagat 18:00-da Türkmenistanyň Döwlet sirki sizi haýwanlaryň we darbazlaryň oýunlaryndan ybarat bolan tolgundyryjy çykyşa çagyrýar. Maksatnama birnäçe gezek halkara

sirk festiwallarynyň ýeňijisi bolan «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşyny-da öz içine alýar.

16-njy fewralda sagat 19:00-da teatr söýüjiler A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatry tarapyndan sahnalaşdyrylan «Hyzmatkär gyzlar» oýnunyň ilkinji görkezilişine çagyrylýar.

Aktýorlar tomaşaçylara fransuz drama ýazyjysy Žan Ženäniň pýesasynyň özboluşly teswirini görkezerler.

Beýik S.Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatry:

14.02.2025: «Gülki agşamy» 19:00;

15.02.2025: «Yşkyň gämisi» 19:00;

16.02.2025: «Gelinler» 19:00.

Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry:

14.02.2025: «Aýdym-sazly gülki agşamy» 19:00;

15.02.2025: «Körpe gelin» 19:00;

16.02.2025: «Talyp söýgüsi» 19:00.

Alp Arslan adyndaky milli drama teatry:

15.02.2025: «Geliň gülşeliň» 19:00;

16.02.2025: «Hak aşyklar» 19:00.

A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatry:

14.02.2025: «Восемь любящих женщин» 19:00;

15.02.2025: «Раз и два» 12:00;

15.02.2025: «Изобретательная влюблённая» 19:00;

16.02.2025: «Маша и медведь» 11:00; 13:00;

16.02.2025: Премьера «Служанки» 19:00.

Mollanepes adyndaky talyp teatry:

15.02.2025: «Arşyn mal alan» 19:00;

16.02.2025: «Saňa – ýalan, maňa – çyn» 19:00.

Türkmen Döwlet gurjak teatry:

15.02.2025: «Bir towşanjyk bar eken» 17:00;

15.02.2025: «Arşyn mal alan» 19:00;

16.02.2025: «Maşa we aýy» 12:00; 17:00;

16.02.2025: «Jüýteniň toýy» 19:00.