Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Ýaşlar kamera orkestri öz 15 ýyllyk toýuny «Söýginiň jadyly sazlary» atly ajaýyp konsert bilen belledi. Toparyň muşdaklary üçin bu at tötänden gelen däl – orkestr eýýäm bu mowzuga ýüzlenipdi, ýöne ýubileý maksatnamasy baky duýgularyň düýbünden täze teswirini görkezdi.
Orkestr geçen 15 ýylyň dowamynda özüni ýurduň iň täsirli we gyzykly aýdym-saz toparlarynyň biri hökmünde tanatdy we hemişe ussatlygyň täze belentliklerine ymtyldy. Ýakynda geçen konsert hem muny ýene bir gezek tassyklady: ol diňleýjilere söýgi sözleri bilen ylhamlanan we süňňüne söýgi siňen täze-täze aýdym-saz eserlerini hödürledi.
Konserti alyp baryjy Selbi Ýomudowa tomaşaçylara bütin durmuşymyzyň içinden eriş-argaç bolup geçýän söýginiň – Watana we ýakynlaryňa bolan söýgüden başlap, romantik ýüze çykmasyna çenli barça zada ylahy güýjüni ýatlatdy.
Konsert maksatnamasy dürli-dürli bolup, onda Igor Krutoýyň «Sen meniň sentýabrymda» ýaly häzirki zaman eserini we Eduard Hadabatýanyň «Şasenem we Garyp» filminiň sazlaryny öz içine aldy.
Ýekelikdäki aýdymçylaryň çykyşlary konserte aýratyn dabara goşdy. Maýsa Nyýazowa öňünden rowaýatyny gürrüň berip, «Hijo de la Luna» («Aýyň ogly») ispan balladasyny ýerine ýetirmek bilen, tomaşaçylaryň kalbyny ele aldy. Döwran Şammyýew «Notr-Dam de Pari» mýuziklinden ariýalary ýerine ýetirip, sesiniň ajaýyplygyny görkezdi. Mansur Şaripowyň çykyşy konsertiň täsirli tamamy boldy ̶ ol Arno Babajanýanyň «Toý» aýdymyny tomaşaçylaryň haýyşy boýunça gaýta-gaýta ýerine ýetirip, maýyl edijiligi we güýçli sesi bilen olary özüne çekdi.
Instrumental çykyşlar-da lezzet berdi. Duetde saksofonçy Kakajan Hudaýberdiýew we trombonçy Döwran Gylyjow ezberlik görkezen bolsa, Selbinýaz Mülkamanowa skripkada argentin kompozitory Astor Pýatstsollanyň eserini janyndan syzdyryp ýerine ýetirdi.
Konsertiň iň täsirli ýeri «1+1», «Gara guw» we birnäçe başga filmlere ýazan sazlary bilen tanalýan italýan neoklassik (täzeçe nusgawy) kompozitor Lýudowiko Eýnaudiniň eserler toplumy boldy. Sazlaryň fortepiano bölegini Diana Melkumowa ýerine ýetirdi.
Tomaşaçylar sazandalary şowhunly el çarpyşmalar bilen garşy aldylar. Ýaşlar kamera orkestrine heniz ýigitkä ýolbaşçylyk eden Resul Gylyjow bu tejribeli sazanda, Türkmenistanyň Döwlet simfonik orkestriniň çeper ýolbaşçysy we baş dirižýorydyr.
– Biz bu düzümde köp çykyş etmeýäris, ýöne biziň üçin bu konsertler hemişe aýratyn ähmiýetli we täsirli – diýip, Resul Gylyjow pikirini bildirdi. – Laýyk 15 ýyl ozal işimizi Ýaşlar kamera orkestrinden başladyk, bu ýyl bolsa ol 10 ýyllygyny belleýän uly simfonik orkestre öwrüldi.
Ýaşlar kamera orkestriniň ýubileý konserti aýdym-sazyň we söýginiň hakyky baýramyna öwrülmek bilen, bu ýere ýygnananlaryň hemmesinde uly täsir galdyrdy.