Ýigrimi ýyl mundan ozal paýtagtymyzda dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň Döwlet şekillendiriş sungaty muzeýi açyldy. Bu döwrebap täze bina Aşgabadyň şu böleginiň binagärlik ansamblyna doly utgaşmak bilen, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasy bilen bilelikde ýeke-täk toplum döretdi.
Bu iki binany akademiýanyň üsti gümmezli galereýasy birleşdirýär. Şeýlelikde ol kaşaň hem köp manyly görünýär.
Ýubileý mynasybetli muzeýde sergi açyldy. Muzeý hünärmenleri bu ýerde saklanýan eksponatlaryň ähli ugurlaryny görkezmäge synanyşyp, mowzugy giňden beýan etmäge döredijilikli çemeleşipdirler. Şeýlelikde, sergi Türkmenistanyň halk suratkeşleri Durdy Baýramowyň «Ýaşlar», Ýewgeniýa Abramowanyň «Baýrama», Yzzat Gylyjýowyň «Läle», Aman Amangeldiýewiň «Çopanlar», Aýhan Hajyýewiň «Çölüň geçmişi we geljegi» we beýleki işler bilen açylýar. Täsirliden umytlandyryjy bu suratlar türkmen halkynyň durmuş ýoluny anyk görkezýär.
Muzeýiň ammarlarynda XIX asyra we XX asyryň birinji ýarymyna degişli işleriň bardygyny bellemelidiris. Olaryň arasynda Rihard Zommeriň «Düýe kerweni», 1925-nji ýyla degişli işler –näbelli suratkeşiň «Natýurmort» žanrynda çeken işi we «Nazar Ýomudskiý» atly daşbasma eserler bar.
Surat sergisi häzirki zaman nakgaşlarynyň çeken suratlary bilen tamamlanýar.
Sergide suratlardan başga-da gadymy gobelenler, ownuk heýkeller we keramika önümleri bar. Heýkelleriň arasynda Jumamuhammet Jumanyýazowyň «Gelin», Baýram Annagulyýewiň «Türkmenistan» işleri aýratyn ünsi çekýär. Keramika sergisinde Solmaz Muhammedowanyň, Maral Ataýewanyň, Gülara Babaýewanyň we ýaş zehinli keramikaçylaryň işleri görkezilýär.
Ýöne iň özboluşly sergi muzeý işgärleriniň durmuşyndan gyzykly pursatlary – suratkeşler bilen duşuşyklary, sergileriň açylmagyny we beýleki möhüm wakalary öz içine alýan 200-den gowrak suratdyr.
Muzeýiň ýubileýine bagyşlanan serginiň açylyş dabarasynda muzeýiň iň gowy işgärlerine Hormat hatlary gowşuryldy.