Ï «Ýaşasyn parahat durmuş!» atly döredijilik bäsleşigi yglan edildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Ýaşasyn parahat durmuş!» atly döredijilik bäsleşigi yglan edildi

view-icon 3840
«Ýaşasyn parahat durmuş!» atly döredijilik bäsleşigi yglan edildi

«Aşgabat» gazetiniň redaksiýasy, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, şeýle hem ýurduň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşi bilen bilelikde «Ýaşasyn parahat durmuş!» mowzukly döredijilik bäsleşigini yglan edýär.

Döredijilik çäresi, türkmen halkynyň hoşniýetli goňşuçylygyny we parahatçylyk söýüjiligini, Garaşsyz, özygtyýarly juwan Türkmenistanyň üstünliklerini hem dürli ugurlarda ýeten derejesini görkezýän sungat eserlerini döretmek bilen meşgullanýan zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga gönükdirilendir.

Bäsleşige ümmülmez Watanymyzyň dürli künjeklerinde ýaşaýan ýurduň islendik raýaty gatnaşyp, ozal çap edilmedik döredijilik işlerini hödürläp biler. Redaktorlar çap etmek üçin iň gowy eserleri saýlap alarlar.

Redaksiýa iberilen materiallara ýörite döredilen bilermenler topary tarapyndan baha berler. Bäsleşigiň netijeleri boýunça ýeňijilere ýörite baýraklar we ýadygärlik sowgatlar gowşurylar, olar, şeýle hem Hormat hatlary bilen sylaglanarlar. Bäsleşigiň netijeleri şu ýylyň dekabrynyň ilkinji on gününde yglan ediler.

Bäsleşige gatnaşmak isleýänler üçin telefon belgileri: 39-95-31, 39-96-24, 44-89-06.

Merdan Ýurdamanow,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň esasy hünärmeni.