Fotosungat söýüjileriň «Ferula» klubunyň Türkmenistanda meşhurlyk gazananyna heniz köp wagt geçenok. Ýurdumyzyň ýubileý ýylynda, hemişelik Bitaraplygyň 30 ýyllygynda oňa 10 ýyl dolýar.
Ilkibaşda, adaty fotosurat höwesjeňleriniň gurnagy hökmünde göz öňüne tutulan bu topar, wagtyň geçmegi bilen, şäher we respublikan bäsleşiklerine gatnaşýan adaty bir topar derejesinden halkara ussatlar bilen bäsleşmek derejesine çenli ösdi.
![]() |
![]() |
Klub öz adyny Garagum sährasynda ösýän ösümlikden alypdyr. Bu – seýrek köpýyllyk otjumak ösümlikdir. Onuň ýapraklarynyň okaralarynda çyg üýşüp ýygnanýar-da, çölde ýaşaýanlaryň teşneligini gandyrmak serişdesi bolup hyzmat edýär. Şeýlelik bilen klubuň agzalary, özleriniň pikiriçe, sähradaky Ferula ýaly, diňe bir tebigatyň gözelligini we barlygymyzyň gymmatlyklaryny ýüze çykarmaga däl-de, eýsem, dünýämizi al-elwanlygy, dürlüligi bilen tanamaga «suwsap», oňa ymtylýanlara görkezmäge çalyşýarlar.
Bitarap ýurt bolan häzirki zaman Türkmenistan hakda köp zat ýazylyp, köp zat aýdylýar. Şeýle-de bolsa, ferulaçylaryň adalatly hasap edişi ýaly, täsirli, görnükli bir surat islendik hekaýa üçin iň gowy goşundydyr. Bitarap Türkmenistanda durmuşyň suratly ýyl ýazgysyny saklaýan ussat suratçylaryň işi gaty gymmatlydyr. Olaryň işleri dünýäniň alys künjeklerinde ýurdumyzyň tanyşlyk kartyna öwrülýär.
![]() |
![]() |
Häzirki wagtda «Ferula» dürli ýaşdaky we hünärdäki surat höwesjeňlerini öz hatarynda birleşdirýär. Iş alyp baran ýyllarynda welaýatlardan we Türkmenistanyň paýtagtyndan onlarça adam bu ýerde fotosungatçy endiklerini ele aldy. Käbirleri iň abraýly milli we halkara ýaryşlarda dürli derejedäki baýraklary almak bilen, gowy netijeleri gazandylar. Şolaryň arasynda Swetlana Krupskaýanyň adyny agzamak adalatly bolar. Ol binagärlik bilimini alandan soň, özüne obýektleri fotosuratda göz öňüne getirmek ukybynyň ýetmeýändigine göz ýetiripdir. Şeýlelikde, ol «Ferula» düşüpdir, häzirki wagtda bolsa köçe suraty žanrynda işjeň işleýär. Klubuň başga bir uçurymy Sergeý Mirzoýew suratçylygy çagalykdan halapdyr. Birnäçe gezek dürli surat ýaryşlarynda ýeňiji we baýrakçy bolupdyr. Häzirki wagtda onuň işleri Türkmenistanyň žurnallarynda üstünlikli çap edilýär. Ahmet Taňrygulyýew häzir «önümçilik mowzugy» diýilýänleri boýunça üstünlikli ýöriteleşýär.
![]() |
![]() |
Fotosurat sungatynda klubuň başga bir talyby Alina Tolstihina ep-esli üstünlik gazandy. Ol birnäçe ýyl mundan ozal Awstriýada geçirilen surat bäsleşigine ilkinji gezek gatnaşyp, ýüzugra ýeňiji bolup, altyn medala mynasyp boldy. Klubuň üstünlikli okuwçylarynyň hatarynda Ahmet Hallyýewi, Süleýman Çaryýewi we Begenç Şyhlyýewi hem bellemelidiris.
«Ferulanyň» hut şu okuwçylary birleşen topar bolup, World Cup for Clubs – klublar üçin 15-nji FIAP dünýä çempionatynda Türkmenistanyň abraýyny mynasyp goradylar. Şonda ýaryşa dünýäniň dürli ýurtlaryndan iki ýüzden gowrak topar gatnaşdy. Türkmenistandan gelip, ilkinji gezek çykyş edýänler ajaýyp netijeleri görkezip, ýaryşy guraýjylarda iň oňat täsir galdyrdy. Netijede, klub agzalarynyň toparlaýyn işleri Hindistanda we Türkiýede surat sergilerinde görkezildi.
![]() |
![]() |
Klubda tälim alanlaryň köpüsi, wagtyň geçmegi bilen, hakyky hünärmenler derejesine ýetdi. Mysal üçin, Alekseý Gimalitdinow Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň surat habarçysy bolsa, kärdeşi Meret Rozyýew we ýene bir ferulaçy Hasan Magadow ýurdumyzyň merkezi «Нейтральный Туркменистан» gazetiniň esasy surat habarçysydyr.
Eýsem-de bolsa, «Ferula» kluby barada aýdylanda, ony döretmek işine başlan we häzirki wagtda klubuň özboluşly «motory», ruhy bolmagyna galýan adamy ýatlaman bolmaz. Onuň ady diňe bir türkmenistanly surat sungaty hünärmenleriniň arasynda däl, eýsem, has uzaklarda-da köplere mälim – Wýaçeslaw Adamowiç Sarkisýan.
![]() |
![]() |
Hünäri işiniň tas ýarym asyrlyk döwründe ol FIAP-yň (ÝUNESKO-nyň ýanyndaky Halkara çeperçilik fotografiýa federasiýasy) dünýäniň otuz ýurdunda geçirilen onlarça halkara surat bäsleşigine gatnaşyp, altyn, kümüş we bürünç medallary getirdi. Onuň aýratyn buýsanýan zady – iň uly halkara surat bäsleşigi bolan «Austrian Super Circuit» bäsleşiginiň «Binagärlik» ugry boýunça alan altyn medalydyr.
![]() |
![]() |
FIAP reýtingine görä, bu suratçynyň iň ýokary hünär ussatlygynyň ykrar edilmegi, oňa «FIAP suratkeşi» hormatly adynyň berilmegidir. Gowulardan iň gowusyna bolsa «FIAP-yň görnükli ussady» ady berilýär. Iň ýokary derejelere bäsdeşlik etmek üçin oňa bäsdeşlik edýän adam öz alan suratlaryny dünýäniň dürli ýurtlarynda FIAP-yň howandarlygyndaky halkara surat galereýalarynda yzygiderli goýmak we halkara sergilerde onlarça işini görkezmek bilen belli bir dereje saýlawdan geçmeli. Talaplar diýseň berk we FIAP-yň baş baýraklaryna müňlerçe suratçydan bir-iki sanysy eýe bolýar. Eýsem-de bolsa, iň ýokary FIAP atlarynyň ikisine eýe bolan saýlama toparda surat ussady Wýaçeslaw Sarkisýanyňam ady bar.
![]() |
![]() |
Daş-töwerekdäki hakykata adaty däl, bilesigelijiliki garaýyş, adaty bir zatda özboluşly zady görmek ukyby, kadr kompozisiýasyna erk etmek we iň soňunda-da pursadyň aýratynlygyna bolan tebigy duýgy – bularyň bary eline kamera alan her bir adama ýetdirmeýän ýokary ussatlygyň alamatlary bolup galýar. Ussat Sarkisýan özüniň baý tejribesini şägirtlerine geçirmek bilen, olarda hut şu häsiýetleri terbiýeläp ýetişdirýär. Köp babatda onuň tagallalary we «Ferulanyň» köp sanly okuwçysynyň jan etmesi netijesinde, häzirki wagtda Bitarap ýurduň keşbi döredilýär we bu keşp Türkmenistanda-da, onuň çäklerinden daşarda-da köplere barha aýdyň görünýändigini-de bellemelidiris.