Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde ýaşap ýören bolsa häzir 75 ýaşy dolmaly Mary welaýatynda ýaşan zehinli suratkeşiň hatyrasyna şahsy sergi açyldy. Bu nakgaşyň ady Dawid Aruşaýans.
Sergini «Kompozisiýa» atly surat açýar. Bir aýal öýüniň bosagasynda arkaýyn çaý içip otyr, ýöne aňynda geçmişden käbir pursatlar janlanýar. Ol döwür ýaş gelin adamsynyň öýünde assa basyp, çekinjeňlik bilen ýöreýärdi. Täze garyndaşlary we nätanyş daş-töweregi ony üýşendirýärdi. Ýöne wagt duýdansyz geçip gitdi, indi ol bu ýeriň eýesi. Bir wagtlar ýat we eýmendiriji bolan bu jaý indi onuň üçin eziz boldy. Surat wagtyň täsiri bilen aýalyň üýtgeşen ruhy ýagdaýyny görkezýär.
![]() |
![]() |
![]() |
![]() |
Bu suratyň ýanynda galam bilen çekilen «Papakforuş» atly ajaýyp bir iş bar. Bir ýaşuly bazara welosipedli gelipdir – ýaşy ötüşen adam üçin adaty bolmadyk bu ulag satyjynyň arkasynda, öňünde bolsa taýaklara geýdirilen birnäçe telpek bar. Surat şeýle bir gowy welin, hiç kim onuň ýanyndan ýüzugra ötüp gidiberenok.
Dawid Aruşaýans işinde, köplenç, grafika ýüz urýardy. Işleriniň ýordumy, esasan hem öý haýwanlary – «Horaz urşy», «Gelne hemra», «Düýe» we başgalar bilen baglanyşykly. Olardan biri – «Köşek» atly surat has täsirli. Bu surat bilen baglanyşykly kiçijik bir düşünişmezlik ýüze çykypdyr. Başyny dik tutup, ýerde ýatan köşegiň şekili, adaty bolmadyk durşy sebäpli ilkinji bakyşda düşnüksiz görnüpdir we Sergi merkeziniň işgärleri suraty gapdallaýyn asypdyrlar. Hernä, Dawid Armaisowiçiň aýaly Lýudmila Wiktorowna bu hatany sergi açylmanka görüpdir.
![]() |
![]() |
![]() |
![]() |
Dawid Aruşýans abstraksiýany ykrar edenokdy. Şeýle-de bolsa, onuň «Spitak» suratynda bu žanryň käbir elementlerini görýäris. Suratkeş ruhuň Ermenistanda bolup geçen elhenç ýer titremesinden nalyşyny mata ýüzünde beýan etmek isläpdir. Ol agyr günde ildeşlerini goldamak üçin betbagtçylykdan soňky ilkinji günlerde Spitak şäherine barýar. Bu saparyň netijesinde-de «Spitak» suraty döreýär.
Onuň bu suratdan başga ähli işi realistik žanrda çekilen. Muňa garamazdan, işleriň köpüsi doly düşnükli däl. Şonuň üçin-de sungat öwrenijiler olarda gizlenip ýatan ähli syrlary açmak üçin kän «kelle döwmeli» bolarlar.
![]() |
![]() |
Suratkeşiň iň halaýan mowzuklarynyň biri-de ak saçly eneleriň portretleridir. Bu gahrymanlaryň gözünden köp zat okap, olary özüňçe ýorup bolýar.
– Dawid Armaisowiç türkmen dilini kämil bilýärdi – diýip, Lýudmila Wiktorowna aýdýar. – Şonuň üçin onuň söhbeti şirin bolýardy, hut şu-da onuň islendik söhbediniň esasy «açarydy». Olar goja öz hekaýatlaryny ynanýardylar, onuň öňünde surata düşýän şekilde durýardylar we suratlaryny almaga rugsat edýärdiler.
![]() |
![]() |
Dawid Armaisowiçe mahsus başga bir häsiýet bardy – ol nakgaşlar hakynda köp okaýardy, sungat hakdaky telewizion gepleşiklere tomaşa edýärdi we bu mowzukda internetde berilýän maglumatlar bilen tanyşýardy. Ol şeýle bir sowatlydy welin, Italiýadaky muzeýlere baranda, käbir maglumatlary anyklaşdyryp, muzeý beletçisiniň sözüne hem düzediş bererdi.
Hünärmenler serginiň açylyşynda suratkeşiň eserindäki bir aýratynlygy bellediler. Onuň özüne mahsus, asuda, reňk utgaşmasy bar, hatda dramatik mowzuklara baş goşanda-da, öz reňk utgaşmasynyň çäginden çykmaýar.
85 suraty öz içine alýan sergi köpçüligiň ünsüni özüne çekdi. Muny gören Lýudmila Aruşaýans adamsynyň işlerini görkezmegi dowam etdirmek kararyna geldi, çünki Dawid Armaisowiçiň suratlar ýygyndysy diýseň uly.