Türkmenistanyň telekeçileri Iordaniýada geçiriljek 11-nji halkara oba hojalygy sergisine – Sawsana-2025-e gatnaşmaga çagyrylýar. Sergi Iordaniýanyň oba hojalyk ministriniň howandarlygynda 2025-nji ýylyň 29–31-nji maýy aralygynda geçiriler.
Sawsana-2025 Iordaniýanyň oba hojalygy, mal lukmançylygy we azyk senagaty pudagynda uly wakadyr. Onda oba hojalygy we mal lukmançylygy pudagynda işlenip düzülen iň täze tehnologiýalar, şeýle hem oba hojalyk önümleri görkeziler. Türkmen öndürijileri we telekeçileri üçin bu häzirki zaman oba hojalygy tehnologiýalary boýunça tejribe alyşmak, öňdebaryjy halkara tejribeler bilen tanyşmak we iordaniýaly hem beýleki ýurtly hyzmatdaşlar bilen işewür gatnaşyklary gurmak üçin ajaýyp mümkinçilikdir.
Sergi halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek we oba hojalygy babatynda tejribe alyşmak üçin möhüm ýerlik bolar. Ilkinji gezek 2003-nji ýylda ýola goýlan bu çäre ýyllaryň geçmegi bilen halkara derejesinde giňden tanaldy.