Ï Paýtagtymyzda geçiriljek howanyň üýtgemegi boýunça Merkezi Aziýa maslahatyna hasaba alyş açyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Paýtagtymyzda geçiriljek howanyň üýtgemegi boýunça Merkezi Aziýa maslahatyna hasaba alyş açyldy

view-icon 2178
Paýtagtymyzda geçiriljek howanyň üýtgemegi boýunça Merkezi Aziýa maslahatyna hasaba alyş açyldy

Şu ýylyň 13–15-nji maýy aralygynda Aşgabatda howanyň üýtgemegi boýunça Merkezi Aziýa maslahaty (HÜMAM-2025) geçiriler. Çärä degişli döwlet edaralarynyň, halkara guramalaryň wekilleri we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bilermenleri gatnaşar. Maslahata gatnaşýanlar sebitde howa degişli başlangyçlary öňe sürmek boýunça çäreleri ara alyp maslahatlaşarlar.

Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly maliýeleşdirilmäniň bütindünýä maksatlaryna ýetmäge bagyşlanan bu maslahatyň dykgaty maliýe çeşmelerini işjeňleşdirmek, sebitleýin hyzmatdaşlygy güýçlendirmek we howanyň üýtgemegine durnuklylygy ýokarlandyrmak meselesinde jemlener.

Maslahatda sebit ýurtlarynyň howanyň üýtgemegine garşy göreşde we onuň netijelerine uýgunlaşmakda gazanan üstünlikleri ara alnyp maslahatlaşylar. Şeýle hem milli derejede kesgitlenýän goşantlaryň (MDKG 3.0) üçünji nusgasy boýunça amala aşyrylan işiň netijesini görkezmek meýilleşdirilýär.

Howanyň maliýeleşdirilmegine degişli maliýe serişdelerini çekmäge we netijeli dolandyrmaga aýratyn üns berler. Mundan başga-da, maslahata gatnaşýanlar Merkezi Aziýanyň «ýaşyl» ykdysadyýete, suw we energiýa howpsuzlygyna geçmegi barada pikir alşarlar.

Maslahata gatnaşmak üçin arzalar 2025-nji ýylyň 28-nji fewralyna çenli kabul edilýär. Oňa sanly ulgam arkaly-da gatnaşmak bolýar. Hasaba alyş soragnamalar salgylanma boýunça elýeterlidir.

Merkezi Aziýa sebiti üçin howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly temperaturanyň artmagy, çölleşmek we buzluklaryň çalt eremegi ýaly umumy kynçylyklaryň ýüze çykýan şertlerinde ýedinji HÜMAM-2025 maslahaty sebitdäki ýurtlara ekologiýa taýdan durnukly geljege geçişde maliýe we syýasy goldaw bermegiň usullaryny ara alyp maslahatlaşmagyň esasy ýerligine öwrüler.

Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologik merkezi (MASEM) Bütindünýä banky, Merkezi Aziýanyň suw we energiýa maksatnamasy (MASEM), RESILAND CA+ maksatnamasy we Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlygy boýunça jemgyýeti (GIZ) bilen birlikde HÜMAM-2025-iň guramaçylarydyr.