Ï Şanhaýyň muzeýiniň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Şanhaýyň muzeýiniň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda boldy

view-icon 958
Şanhaýyň muzeýiniň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda boldy
camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

Şanhaýyň sungat eserleri ýygyndysy muzeýiniň ýolbaşçysy Hu Musin we muzeýiň halkara gatnaşyklar bölüminiň başlygy Mao Siweýa Aşgabada saparynyň dowamynda paýtagtyň muzeýleriniň işi bilen tanyşdylar, şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasyna baryp gördüler.

Myhmanlar akademiýanyň altyn gaznasy bilen tanyşdyryldy, bu ýerde dürli ýyllarda okan talyplaryň iň gowy diplom, ýyllyk we bäsleşiklere gatnaşan işleri saklanylýar. Saparyň çäklerinde bilim edarasynyň ýolbaşçylary we mugallymlary wekiliýeti türkmen halkynyň taryhy, sungaty, ýörelgeleri we däp-dessurlary bilen tanyşdyrdylar.

Iň meşhur binalaryň we ýadygärlikleriň taslama şekilleri döwletiň häzirki zaman düzümleriniň ösüşiniň aýdyň subutnamasy boldy. Gymmatlyklaryň arasynda parahatçylyk, durnuklylyk we dostluk ýörelgelerini nyşanlandyrýan Türkmenistanyň Bitaraplyk binasy beýleki ýadygärliklerden saýry geldi.

«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygary astynda geçýän şu ýyl ýurdumyz hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny belleýär. BMG-niň Kararnamalary bilen iki gezek ykrar edilen Bitaraplyk derejesi döwletimiz üçin aýratyn ähmiýete eýedir. Munuň özi ýurdumyzyň parahatçylyga we durnuklylyga ygrarlydygyny tassyklaýar hem-de halkara hyzmatdaşlygynyň ösmegi üçin amatly şertler döredýär.

Çeperçilik akademiýasyndaky sungat eserleriniň köpdürlüligine haýran galan Hu Musin ahalteke bedewleriniň şekillerini we heýkellerini aýratyn belläp, bütin dünýä meşhur bolan bu atlaryň diňe bir milli baýlyk bolman, eýsem, olaryň ylmy gyzyklanma döredýändigini hem nygtady. Gürrüňdeşligi dowam etdirip, myhman Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň mümkinçiligine umyt bildirdi.

Şanhaýyň sungat eserleriniň ýygyndysy muzeýi Halkara muzeýler geňeşiniň (ICOM) we Hytaýyň Muzeýler assosiasiýasynyň agzasydyr. Ol jemgyýetçilik guramasy hökmünde tanalýar we Milli medeni mirasy dolandyryş müdirliginiň we Şanhaý şäher medeni mirasy dolandyryş edarasynyň sanawyna girizildi. 

Saparyň ahyrynda myhmanlar ýaş hünärmenleriň keramika, haly we gobelen dokamak sungatyny öwrenýän sapaklaryna-da baryp gördüler.

Şanhaý muzeýiniň ýolbaşçysynyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň wekilleri bilen duşuşygy Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda medeni gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy ýola goýmakda möhüm tapgyr boldy. Sungat we medeniýet pudagynda gatnaşyklara hem-de tejribe alyşmaga isleg iki halkyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrýar we Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň möhüm bölegi bolan özara düşünişmäge we hormat-sarpa ýardam edýär.