Medeni alyş-çalşyň çäginde Aşgabada gelen ýapon milli tansynyň ussady Ueda Çiho we sazanda Kikuçi Ýutaka paýtagtyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde birnäçe ussatlyk sapaklaryny geçirdiler.
«Günüň dogýan ýurdundan» gelen myhmanlar hepdäniň dowamynda M.Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasyna we Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebine baryp, ýaş hünärmenleri Kabuki teatrynyň inçe syrlary, milli tanslaryň ýerine ýetirilişi, halk aýdymlary we adaty ýapon saz guraly – sämisen bilen tanyşdyrdylar.
Türkmen döwlet medeniýet institutynda geçen açyk sapakda baý mazmunly hünär alyş-çalşygy boldy. Myhmanlary adaty türkmen tagamy bolan pişme bilen mähirli garşylan ýokary okuw mekdebiň wekilleri ýaponiýaly medeniýet işgärlerini «Miras» folklor-tans toparynyň agzalarynyň taýýarlan döredijilik sowgadynyň garaşýan ýerine – tans zalyna alyp bardylar.
Talyp topary ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen «Küştdepdi» aýdym we tans dessury bolan gadymy türkmen tansyny ýerine ýetirdi. Ýigitdir gyzlaryň hyjuw we joşgun bilen tans edişine haýran galan myhmanlar milli sungatyň ajaýyp nusgasy bolup duran türkmen halk tansynyň hereketlerini öwrenip başladylar.
Soňra Ueda Çiho sämisen sazynyň astynda alça gülleriniň täsin tansyny ýerine ýetirdi. Tansyň käbir elementlerini ýapon ussadynyň duýgur ýolbaşçylygynda tans toparynyň agzalary öz ussatlyklaryny kämilleşdirmek bilen özleşdirdiler.
Döredijilik duşuşygy Türkmenistanyň baý taryhy we medeni mirasynyň görkezilen ýerinde – institutyň muzeýinde dowam etdi. Myhmanlar türkmeniň gadymy döwürlerden gözbaş alyp gaýdýan we dünýä derejesinde ykrar edilmeginiň tassyknamasy hökmünde ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen türkmen halkynyň keşdeçilik sungaty bilen tanyşmaga aýratyn höwes bildirdiler.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçirilen bu medeni çäre oňa gatnaşanlaryň hemmesi üçin, hakykatdanam, möhüm waka boldy.
Şu ýyl Türkmenistan hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny belleýär. Bu bolsa ýurduň parahatçylyga we hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny nygtaýar. Häzirki wagtda geçirilýän çäreler sungatyň we medeniýetiň halklary birleşdirip bilýändiginiň aýdyň mysaly bolmak bilen, özara düşünişmäge, birek-biregi sylamaga we parahatçylyga hem ylalaşyk gazanmaga goşant goşýandygynyň aýdyň mysalydyr.