Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň milli mirasymyza, türkmen medeniýetine we sungatyna goýýan sarpasy halkymyzyň ruhy dünýäsiniň arşy belentliklerini kesgitleýär.
Milli medeniýetimiziň ösmegine mynasyp goşant goşan şahsyýetleriň nesillere göreldeli döredijilik ýolunyň öwrenilmegi, atlarynyň ebedileşdirilmegi, olara bagyşlanan dürli dabaralaryň, ýubileýleriň geçirilmegi türkmen sungatynyň şamçyrag kibi keşbini emele getirýär. Ýurdumyzyň aýdym-saz sungatynda öçmejek yz galdyran şeýle şahsyýetleriň biri hem Türkmenistanyň halk artisti, «Türkmen bilbili» ady bilen ýurdumyzdan daşarda-da uly meşhurlyga eýe bolan opera aýdymçysy Medeniýet Şahberdiýewadyr. Ýaňy-ýakynda ýurdumyzyň taryhy künjekleriniň biri bolan Kerki şäherinde meşhur aýdymçynyň doglan gününiň 95 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabara hem sungat ussadyna döwlet derejesinde goýulýan belent sarpanyň ýüze çykmasyna öwrüldi.
Kerki etrap medeniýet merkezinde geçirilen ýubileý dabarasy meşhur aýdymçynyň ýurdumyzyň çar künjünden muşdaklaryny we myhmanlaryny ýene-de ussadyň owazlar dünýäsine seýle çykardy. Aýdymçynyň doglan gününe bagyşlanan dabaranyň geçirilýän ýeri hökmünde Kerki şäheriniň saýlanyp alynmagy-da tötänlik däldir. Ussadyň bu gadymy şäherde doglandygyna, çagalyk ýyllarynyň şu ýerde geçendigine etrabyň ýaşaýjylary buýsanýarlar.
Özüniň gaýtalap bolmajak owazly aýdymlary bilen dünýäniň Germaniýa, Fransiýa, Polşa, Hindistan, Kanada, Şwesiýa ýaly döwletleriniň aýdym-saz muşdaklaryny bendi eden opera aýdymçysynyň ýubileýine bagyşlanan dabarada Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rustemowa, Medeniýet ministrliginiň maddy däl medeni mirasy öwrenmek bölüminiň müdiri Jemile Gurbanowa, şeýle hem Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň, Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymlary, medeniýet, sungat we döredijilik işgärleri çykyş edip, aýdymçynyň türkmen milli sungaty bilen aýrylmaz baglanyşykly ömri, zähmetsöýerligi, gaýtalap bolmajak zehini barada aýdyp geçdiler.
Çykyşlarda bellenilişi ýaly diňe bir türkmen kompozitorlarynyň döreden sungat eserleri däl, eýsem, dünýäniň belli kompozitorlarynyň aýdym-saz sungatynyň altyn hazynasyna öwrülen aýdymlaryny ýokary ussatlyk derejesinde ýerine ýetiren Medeniýet Şahberdiýewanyň Watanymyzyň aýdym-saz sungatynyň öňünde bitiren hyzmaty aýratyn uludyr. Ussat aýdymçynyň Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda zähmet çekip, zehinli ýaşlara aýdym aýtmaklygyň opera görnüşiniň inçe tilsimlerini öwredendigini hem çykyş edenler hoşallyk bilen ýatlap geçdiler.
Ýubileý dabarasyndaky çykyşlaryň dowamynyň aýdym-saz bilen utgaşmagy bu dabara aýratyn röwüş çaýdy. Aşgabat şäherinden we ýurdumyzyň welaýatlaryndan gelen ussat aýdymçylar – Türkmenistanyň halk artistleri Atajan Berdiýewiň, Gözel Öwezowanyň, ussat opera aýdymçylary Leýla Resulowanyň, Gözel Annahanowanyň meşhur aýdymçy Medeniýet Şahberdiýewanyň aýdan aýdymlaryny, şonuň bilen birlikde Weli Muhadowyň «Ganly saka», Daňatar Öwezow bilen Adrian Şapoşnikowyň «Şasenem-Garyp» operalaryndan ariýalary ýerine ýetirmekleri meşhur aýdymçynyň döredijilik ýolunyň ynamly dowam edýändiginiň subutnamasyna öwrüldi.
Konsertiň dowamynda Kerki etrap medeniýet merkeziniň aýdymçysy Türkmenistanyň at gazanan artisti Astanguly Möwlamberdiýewiň we beýlekileriň aýdan aýdymlary hem dabara gatnaşyjylar tarapyndan gyzgyn garşy alyndy. Ýubileý dabarasynyň geçirilýän ýerinde Medeniýet Şahberdiýewanyň ömri we döredijiligi barada söhbet açýan surat sergisiniň guralmagy, medeniýet merkeziniň girelgesinde ussat aýdymçynyň ýerine ýetiren aýdymlary ýazylan wideoşekilleriň goýulmagy dabaranyň täsirliligini has-da artdyrdy.
Ussat aýdymçynyň doglan gününe bagyşlanan dabaranyň dowamynda oňa gatnaşyjy myhmanlar medeni mirasymyza, meşhur sungat ussatlarymyza goýýan bimöçber sarpasy üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini aýtdylar.