Türkmen oba hojalyk institutynyň hünärmenleri ýokary hilli gallanyň durnukly öndürilmegine goşant goşýarlar. Olar seçim we tohumçylyk işlerine, dürli däne ekinlerini ösdürip ýetişdirmegiň agrotehnikasyny has-da kämilleşdirmäge işjeň gatnaşýarlar.
Mälim bolşy ýaly, dänäni köp öndürmekde esasy faktorlaryň biri-de sebitleriň topragyna we howa şertlerine uýgunlaşdyrylan däne ekinleriniň täze görnüşlerini döretmek we ornaşdyrmakdyr. Bu meseläni çözmekde seçimiň möhüm orny bardyr.
Institutyň ylmy topary indi ençeme ýyl bäri Daşoguz welaýatynda köpçülikleýin önümçiliginiň geljegi uly bolan däne ekinleriniň dürli görnüşlerini döretmek boýunça iş alyp barýarlar. Mysal hökmünde güýzlük bugdaýyň «Bereket» diýlip atlandyrylan täze görnüşiniň üstünde alnyp barylýan işi agzamak bolar. Olar döredilenden we dürli häsiýetleri uzak wagtlap synlanylandan soň, indiki synaglar üçin degişli edaranyň garamagyna berildi. Şeýle hem institut, sebitiň şertlerinde ösdürip ýetişdirmäge ýaramlydygyny ýa-da ýaramly däldigini barlamak üçin dürli daşary ýurt tohumlaryň görnüşlerini öwrenýär.
Bu ýokary okuw mekdebiniň alymlary tohumy tygşytly ulanýan, şol sanda olaryň takyk ekilmegi arkaly tygşytlylyk gazanýan, topragyň mehaniki düzümini we onda oba hojalyk ekinlerini ýerleşdirmegiň aýratynlyklaryny kesgitleýän, mekgejöweni suwarmagyň tygşytly hem netijeli usullaryny öz içine alýan tehnologiýany işläp düzmegiň üstünde işleýärler.
Şular ýaly ylmy gözlegleriň gallaçylyk pudagynda, adatça, möhüm orny eýeleýän welaýatynyň oba hojalygy üçin möhüm ähmiýete eýedigini bellemelidiris.