Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň yzygiderli goldawlary netijesinde milli ykdysadyýetde hususy ulgamyň paýy ýyl-ýyldan artýar. Häzir Diýarymyzyň telekeçileri dürli pudaklarda hem-de hyzmatlar ulgamynda işlerini depginli alyp barýarlar.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary importyň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini artdyrmak, eksportyň möçberini ýokarlandyrmak, elektron senagaty döretmek boýunça döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine uly goşant goşýarlar. Geçen ýyl Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 110 göterime, senagat harytlaryň öndürilişiniň ösüş depgini bolsa 104,1 göterime deň boldy.
Banklar tarapyndan hususy ulgama, şahsy taraplara, kiçi we orta telekeçilige berlen karz serişdeleriniň umumy möçberiniň geçen ýylky görkeziji bilen deňeşdirilende, artandygyny bellemek gerek. Şu ýyl kiçi we orta işewürligi has-da ösdürmek, JIÖ-niň düzüminde hususy pudagyň eýeleýän paýyny 71,6 göterime çenli ýetirmek meýilleşdirilýär.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 2024-nji ýylyň jemleri boýunça geçirilen giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hususy kärhanalaryň önümçiligini we telekeçiligi ösdürmek boýunça taslamalar üçin mundan beýläk-de karzlary bermegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz milli ykdysadyýetiň mundan beýläk-de durnukly ösüşiniň hususy telekeçiligiň işleriniň işjeňleşdirilmegine baglydygyny nygtady hem-de ýurduň döwlete degişli däl ulgamyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri üns merkezinde saklamagy tabşyrdy. Şeýlelikde, ýurduň telekeçiliginiň uly geljegi bar, döwlet-hususyýetçilik hyzmatdaşlygynyň yzygiderli kämilleşdirilýän gurallary bolsa Türkmenistanyň Prezidentiniň öňde goýan wezipeleriniň üstünlikli çözülmegine ýardam berýär.