«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň topary bilen bilelikde ýurdumyzyň welaýatlarynda çykyş eder.
Çykyşlaryň maksatnamasy halkymyzyň köp asyrlyk däp-dessurlaryny özünde jemleýän sirk oýunlaryny we täsin atçylyk sungatyny öz içine alýar.
5–7-nji mart aralygynda Lebap welaýatynyň ilaty ýokary derejeli bu tomaşadan lezzet alyp bilerler.
10–12-nji mart aralygynda artistler Mary welaýatynda çykyş ederler.
Balkan welaýatynyň ilaty üçin çykyşlar 27–29-njy mart aralygyna meýilleşdirilýär.
Daşoguz welaýatynda sirk tomaşasy 7-10-njy aprel aralygynda görkeziler.
Ähli çykyşlar «Türkmeniň ak öýi» binalarynda bolup geçer.
Zehinli artistleriň çykyşlaryny öz gözüň bilen görmek ähli sungat söýüjiler üçin ajaýyp mümkinçilikdir, çünki ol unudylmajak täsirleridir oňyn duýgulary bagyş edýär.