Ï Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde suratkeşleriň eserleriniň sergisi açyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde suratkeşleriň eserleriniň sergisi açyldy

view-icon 1036
Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde suratkeşleriň eserleriniň sergisi açyldy

Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Ene keramatdyr – keremdir» atly sergi açyldy.

Onda ýerli suratkeşleriň ýagda, akwarelde, grafikada çeken eserleri, gobelenleri we heýkelleri görkezilýär. Eserleriň köpüsinde güllere uly orun berlendigini, suratlaryň awtorlarynyň zenan gözelligine guwanjyny, olara ýürekden söýgüsini we hormatyny beýan edendigi göze ilýär.

Ýiti reňklerde ýerine ýetirilen eserlerde bahar ruhuna ýugrulan mähir-muhabbet duýulýar. Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy M.Moşiýewiň çeken natýurtmorty reňkleriň ajap sazlaşygy bilen özüne maýyl edýär. Onuň «Hurma» atly eseri hem her bölegine takyk, üýtgeşik üns berlenligi, özboluşlylygy bilen haýrana goýýar. Ş.Toýlyýewiň grafika usulynda çeken «Görogly» atly şadessanyndan bir bölegi takyk we anyklylygy bilen bu ýere gelenleriň ünsüni özüne çekdi. M.Babajanowyň «Ürgenç söýgüsi» atly eseri taryhy kompozisiýasy, ýagty-kölege tilsiminiň ýerlikli ulanylmagy bilen ýatda galýar. S.Döwletowyň çeken suratynda eli dutarly milli lybasly gelin şekillendirilip, onda medeni we ruhy gymmatlyklar şowly beýan edilipdir. Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy B.Annamedowyň heýkelleri nepis we hakyky ýagdaýa has golaý çykypdyr.

Sergä Daşoguz şäherindäki çagalar çeperçilik mekdebiniň mugallymlarynyň gatnaşandygyny hem bellemek gerek. Olaryň eserleriniň arasynda N.Ataýewiň döreden lukman enäniň keşbi has şowly bolupdyr. Ç.Käbeliýewanyň nepis gobelenleri zenan gözelligine bagyşlanypdyr. 

Sergide görkezilen suratlar we heýkeller nura, tämiz howa we ýiti reňklere baý bahar ruhuny açyp görkezýär, bu eserler, ilkinji nobatda, ajaýyp zenanlaryň göwnünden turar.