Türkmenistanda geçirilýän «Mähre doly eneleriň ýüregi» atly döredijilik bäsleşiginiň başyny welaýat teatr toparlary başlady. Soňra «Ene» temasyny beýan ediş başarnygyny görkezmek nobaty paýtagtymyzdaky teatrlara ýetdi. Şeýlelikde, A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatry Magtymguly Myşşyýewiň «Ene» pýesasy esasynda taýýarlan sahna oýnuny görkezdi.
Sahna oýnunda gozgalan temanyň düýpden adaty däldiginden ugur almak bilen, onuň režissýory Baýram Garajaýew ony grotesk elementli gülküli drama žanrynda görkezdi. Akgözel ejäniň howlusyndaky zatlar öz-özünden ýokary galyp-düşýär, kiçi gelni bolsa adamsyny «owsarlapdyr». Beýle zat şejere daragtyna ýelmenen uly ýüregi şekillendirýän sahna bezegi ýerliginde ýer alan hekaýada bolup bilmeýşi ýaly, durmuşda-da bolmaýar. Bir wagtlar Akgözel ejäniň maşgalasy bagtlydy. Muňa ýaşlaryň, ýagny onuň adamsy bilen düşen suraty-da şaýatlyk edýär. Ýöne suratyň ýanynda rehimsizlik bilen wagty «ýuwdup» duran sagat bar. Oglanlar ulalyp, hersi bir ýerden çykypdyr.
Akgözel eje soňky sözünde gelinleriniň betnebisligini, ogullarynyň bolsa erksizligini ýazgaryp, bir hakykaty aýdýar: «Men size janymdan jan berdim, ýöne dogry terbiýe berip bilmedim». Oýny goýan režissýor bu eser arkaly: «Erteki – ýalan, ýöne onda yşarat bar, gyzyl ýüzli ýigitler üçin ders bar» diýen ýaly boldy. Onuň bu pikirini artistleriň kemsiz-köstsüz oýny-da goldady. Oýnuň suratkeşi, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Tatýana Pradan bolsa, sahna bezeginde enäniň adaty bolmadyk hekaýatyny görkezmegiň hötdesinden gelipdir.