Ï Türkmenistanda durmuşa geçirilýän iri taslamalar – gurluşyk-senagat toplumynyň üstünligi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda durmuşa geçirilýän iri taslamalar – gurluşyk-senagat toplumynyň üstünligi

view-icon 5193
Türkmenistanda durmuşa geçirilýän iri taslamalar – gurluşyk-senagat toplumynyň üstünligi

Gurluşyk-senagat toplumy milli ykdysadyýetiň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Onuň esasy pudaklary – senagat, gurluşyk, şol sanda ýol gurluşygy, himiýa, energetika güýçli depginler bilen ösýär. Munuň subutnamasy hökmünde 2024-nji ýylyň netijeleri boýunça gazanylan görkezijileri görkezip bolar.

Hususan-da, geçen ýylyň ýanwar – dekabr aýlarynda toplum tarapyndan önüm öndürmek we amala aşyrylan işler boýunça meýilnama 105,8 göterim berjaý edildi.

Gurluşyk we binagärlik ministrligi meýilnamany 108,6 göterim ýerine ýetirdi. Energetika ministrligi meýilnamany 104,6 göterim, «Türkmenhimiýa» döwlet konserni 114,6 göterim, awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi 106,4 göterim, Aşgabat şäher häkimligi 115,8 göterim berjaý etdi.

Umuman, ýurt boýunça 2024-nji ýylda önümçilik we durmuş maksatly iri desgalaryň 86-sy ulanmaga berildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 2024-nji ýylyň netijelerine bagyşlanan giňişleýin mejlisinde belleýşi ýaly, ykdysadyýeti ösdürmegiň ýokary depgini saklanýar, jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterime, şol sanda senagat ulgamynda 1,5 göterime deň boldy. Maýa goýumlaryň möçberi 9,1 göterim artdy. 2024-nji ýylda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna önümçilik we durmuş maksatly desgalaryň 86-sy açyldy, bir million 145 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi.

Müňlerçe maşgalalar jaý toýlaryny tutdular. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça gurlan «akylly» şäheriň ikinji nobatdakysynyň gurluşygy dowam edýär. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýangyç-energetika toplumyna degişli iri taslamalaryň durmuşa geçirilýändigini, hususan-da, «Arkadagyň ak ýoly» diýip atlandyrylýan Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisiniň esasy halkasy bolup durýan Serhetabat – Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygyna badalga berlendigini nygtady. Mundan başga-da, Bäherden we Lebap sement zawodlarynyň ikinji tapgyry, Balkan – Daşoguz ýokary woltly elektrik geçiriji ulgam we elektrik beketler, agyz suwuny arassalamak boýunça döwrebap desgalar ulanmaga berildi. Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekde «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumy hem-de akyldar şahyryň belent ýadygärligi açyldy, Berdimuhamet Annaýew adyndaky ýöriteleşdirilen harby mekdebiň täze binalar toplumy, lukmançylyk maksatly halkara merkezler we beýleki desgalar ulanmaga berildi.

Şeýlelikde, 2024-nji ýylda Türkmenistanyň gurluşyk-senagat toplumynyň ösüşiniň görkezijileri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň bu ulgamda alyp barýan syýasatynyň netijelidigine şaýatlyk edýär.