Ýurdumyzyň teatrlarynyň arasynda geçirilen «Mähre doly eneleriň ýüregi» atly döredijilik bäsleşiginiň çäklerinde Türkmen döwlet gurjak teatrynyň sahnasynda Aýna Ataýewanyň eseri esasynda «Ene» atly spektaklynyň ilkinji görkezilişi boldy.
Döw ýaly mifologik gahrymanlardan ybarat bolan erteki hekaýatynda hakyky zatlar hakynda gürrüň berilýär.
Dul galan Döw çagasyny ynsan maşgalasyna terbiýelemäge berýär. Ol ynsan doganlarynyň arasynda ösüp-ulalýar, täze enesiniň süýdi bilen adama mahsus häsiýetleri ganyna siňdirýär. Emma bu ýagdaý Döwüň ýüregine batmaýar, çünki zandy boýunça ynsan duýgulary oňa ýat.
![]() |
![]() |
![]() |
![]() |
Spektakly drama teatrynda goýýan sahna işleriniň güýçlüligi bilen tanalýan ýörite çagyrylan režissýor Mekan Jumabaýew goýupdyr. Onuň özüne mahsus režissýorlyk tilsimleri bu teatryň sahna giňişligini kemala getirmekde-de, özboluşly toparlaýyn sahnalarda-da mese-mälim göze görünýär.
Milli ýörelgelerdir äheňlere ýugrulan erteki nesihat beriji häsiýetde sahnalaşdyrylyp, ol ýaş nesle maşgala gatnaşyklara aýawly garamagy, ata-enä we pederlere hormat goýmagy ündeýär.
Esasy keşpleri iki düzümde Oguldöndi Bäşimowa, Zyýada Kakalyýewa, Türkmenistanyň at gazanan artisti Annaçary Kakabaýew, Magtymguly Hudaýberdiýew dagy ýerine ýetirýär. Şeýle hem spektakla Söhbet Paşagulýew, Merdan Haýdarow, Gülnar Orazgeldiýewa, Şirin Ataýewa, Ogulaý Akmämmedowa dagy gatnaşýar.
Türkmen döwlet gurjak teatrynyň täze sahna oýny diňe bir çagalarda däl, eýsem, ulularda hem seslenme tapar, maşgala gymmatlyklary hakynda oýlanmaga has-da itergi berer.