M.Myşşyýewiň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Ene» atly sahna oýnuny «Mähre doly eneleriň ýüregi» atly döredijilik bäsleşigi mynasybetli teatr toparlarynyň hersi özboluşly taýýarladylar.
![]() |
![]() |
![]() |
![]() |
![]() |
![]() |
Ýagny A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatry bu spektakly grotesk elementli komediýa görnüşinde sahnalaşdyran bolsa, Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry ony liriki-drama žanrynda tomaşaçylara görkezdi.
Sahna oýunlarynyň haýsysynyň gowudygyny tomaşaçylara we emin agzalaryň paýyna goýýarys. Biz bolsa Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň artistleriniň görkezen sahna oýnundan galan täsirlerimiz barada okyjylarymyz bilen paýlaşmakçy.
![]() |
![]() |
![]() |
![]() |
Adamsynyň sowgat beren ýaglygyny egnine atyp, hyýalynda maňlaýyndan çykan ýigidine duşan alysda galan ýaşlyk ýyllaryny ýatlan enäniň liriki oýlanmasy bilen başlanýan sahna eseriniň ilkinji bölümi dessine tomaşaçylary özüne bendi etdi. Wagt geçdi, ogullary ýigit çykyp, hersi bir ýere gitdi, mähriban käbesi bolsa birnäçe bagtly pursatlary özünde jemlän köneje jaýynda ýeke galmaly boldy. Ene ýüregi çagalarynyň ýygy-ýygydan gelerini isleýärdi. Emma olaryň hersi öz maşgalasy, gün-güzerany bilen başagaýdy. Olaryň diňe mirasa eýe bolmak pikirlerinde bardy.
Gelinleriň açgözlüligi we ogullarynyň erksizligi zerarly köne jaýyň diwarlary göz alnynda dargaýar. Ahyrsoňy öý ýykylýar, enäniň ruhy ak ýaglyga öwrülip, asmana galýar. Şu pursatda tomaşaçylar ör turup, ogullary barka ýeke-ýalňyz galan asylzada zenana hormat-sarpasyny el çarpyşmalary bilen beýan etdiler.
Bu tolgundyryjy dramany režissýorlar Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgärleri Batyr Bekmyradow bilen Aýnazar Batyrow goýupdyr. Batyr Bekmyradow ajaýyp sahna bezeginiň hem awtorydyr, onuň allegoriýasy temanyň doly açylmagyna ýardam edipdir.