Ï Sahnada täze taryhy spektakl
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Sahnada täze taryhy spektakl

view-icon 1557
Sahnada täze taryhy spektakl

Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň döredijilik topary şöhratly geçmişimizi, milli däp-dessurlarymyzy, ynsanperwer ýörelgelerimizi öz içine alýan taryhy eserleri, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent ruhuny özünde jemleýän, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň paýhas ummanyndan hasyl bolan ajaýyp kitaplary esasynda milli mirasymyzyň täsin gudratyny, zamanamyzyň ajaýyplyklaryny, jemgyýetimiziň nurana keşbini açyp görkezýän sahna eserlerini yzygiderli sahnalaşdyýar. 

Ynha, şu mukaddes ýol-ýörelge esasynda, şeýle hem Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi hem-de Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Milli Merkezi tarapyndan yglan edilen «Mähre doly eneleriň ýüregi» atly bäsleşige Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatry belli ýazyjy Osman Ödäýewiň “Altynjan hatyn” romany esasynda Baýram Akadowyň ýazan “Altyn Jan” spektaklyny sahnalaşdyryp, tomaşaçylara hödürledi. 

Zehinli rejissýor Perhat Hudaýberenowyň sahnalaşdyran bu taryhy spektaklynyň ilkinji görkezilişiniň şowly geçendigini bellemek bolar. 11-nji asyrda bolup geçen taryhy wakalaryň üsti bilen Watan, ene toprak, döwlet, milletiň mertebesi ýaly mukaddeslikleri özünde jemleýän bu sahna eseriniň baş gahrymanlary belli taryhy şahslar — Togrul beg bilen onuň wepaly ýanýoldaşy Altynjan. 

Täze sahna oýnunda bolup geçýän wakalaryň kem-kemden ösüp gitmegi, spektaklda çykyş edýän aktýorlaryň ynandyryjy hereketleri tomaşaçylary taryhy wakalaryň jümmüşine dolap alýar. Spektaklyň şygryň dilinde ýazylmagy hem onuň çeper we täsirli çykmagyna oňyn täsir edipdir. Sahnada öňe sürülýän esasy ugur Beýik Seljuk Türkmen döwletiniň üstüne howp abananda Togrul begiň aýaly Altynjanyň orta çykmagydyr we döwletiň bitweiliginiň saklanyp galmagydyr. Spektaklda türkmen zenanynyň mertligi, wepadarlygy, ugurtapyjylygy dartgynly wakalaryň üsti bilen açylyp görkezilipdir. 

Taryhy eserde Altynjanyň ýanýoldaşyna, maşgala mukaddesligine wepadarlygy, emele gelen çylşyrymly pursatlardan salyhatlylyk bilen baş alyp çykmaklygy, milletiň ykbaly, döwletiň dowamaty orta düşende yrga pikirli iň ýakyn adamlaryna hem adalatlylyk bilen çemeleşmegi türkmen zenanyna mahsus gaýratlylyk hökmünde teswirlenýär. Togrul begiň hem-de Altynjan hatynyň keşplerini döreden ýaş artistler Döwlet Haýtgulyýewiň hem-de Aýsenem Nazarowanyň zähmetleriniň ýerine düşendigini tomaşaçylaryň spektaklyň dowamyndaky dowamly elçarpyşmalary güwä geçýär. 

Sahnada Mäne baba, Parawbibi, Ybraýym Ynal, Kabyl, Anuşirwan.... ýaly şahsyýetleriň hereket etmegi, olaryň keşplerinde bolsa Türkmenistanyň halk artisti Babageldi Rejepowyň, şeýle hem Ogulbossan Ýazjumaýewanyň, Çary Dolyýewiň, Taýly Allaberdiýewiň, Jejaletdin Sultyýewiň, Remezan Allaberdiýewiň, Alijan Hemraýewiň, Şöhrat Illiýewiň we beýleki zehinli aktýorlaryň çykyş etmekleri spektakly kämillik derejesine ýetiripdir. Spektaklyň taryhyň gatlaryna alyp gidýän wakalaryň mazmuny bilen utgaşýan «Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri» Myrat Haýtyýewiň ýerine ýetiren sahna bezeginiň, spektakl üçin Ruslan Hemraýew tarapyndan saýlanyp alnan sazlaryň hem juda ýerine düşendigini bellemek bolar. 

Spektaklyň dowamynda teatr sahnasynyň tehniki mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanylmagy hem bolup geçýän wakalaryň has ynandyryjy bolmagyna ýardam edýär. Umuman, spektaklyň şowly çykmagyna oňa gatnaşan aktýorlaryň ählisiniň hem uly goşandynyň bardygyny, teatryň döredijilik toparynyň zähmetiniň, oýny goýan režissýor Perhat Hudaýberenowyň döredijilikli gözleginiň ýerine düşendigini bellemek bolar. Täze taryhy spektakl teatryň agzybir toparynyň ýurdumyzda giňden bellenilýän Halkara zenanlar gününe ajaýyp sowgatdyr.