Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň döredijilik topary «Mähre doly eneleriň ýüregi» atly teatr festiwalynda öz kärdeşleri, Türkmenistanyň we SSSR-iň halk artisti Sabyr Ataýewa baradaky spektakly görkezdi.
![]() |
![]() |
![]() |
![]() |
![]() |
![]() |
Sabyr Ataýewanyň ykbaly hem üýtgeşik. Ol köp çagaly maşgalada dünýä inýär, ir ýetim galýar. Onuň doganlaryny, şol sanda Sabyry hem garyndaşlary alypdyrlar. Gadam Kakabaýewiň «Sabyr Ataýewa» atly pýesasy aktrisanyň terjimehaly esasynda ýazylypdyr. Spektaklyň režissýory, Türkmenistanyň at gazanan artisti Handurdy Berdiýew ony meşhur aktrisanyň hatyrasyna we 8-nji mart – Halkara zenanlar gününe gabatlamagy niýet edinipdir.
![]() |
![]() |
![]() |
![]() |
![]() |
![]() |
Aktrisa sahnada dürli häsiýetli zenanlaryň keşbini döretdi. Ine, Sabyr Ataýewa grim otagynda aýnanyň öňünde, ýanynda «Gelin gelýär» atly spektaklynyň afişasy. Aktrisany sahna çagyrýarlar, onsoň tomaşaçylara spektakldan bir bölek görkezilýär...
![]() |
![]() |
![]() |
![]() |
![]() |
![]() |
«Teatrdaky teatra» öwrülen spektakla aktýorlaryň hemmesi gatnaşýar. Oýun goýujy nakgaş Mekan Annamyradow tutuş spektakla üýtgeşik sahna bezegini şowly tapypdyr.
![]() |
![]() |
![]() |
Spektakldan soň Sabyr Ataýewanyň gyzy we agtygy sahna çykyp, spektakly döredenlere we tomaşaçylara mährem enäniň keşbini hatyralandyklary üçin hoşallyk bildirdi. Soňra sahnada türkmen halkynyň görnükli wekiliniň durmuşyndan bölekleri görkezýän uly ekran peýda boldy. Şekiller görkezilende Türkmenistanyň at gazanan artisti Tirkeş Mätnazarow aýdym aýtdy.