«Mähre doly eneleriň ýüregi» atly döredijilik bäsleşiginiň teatr çykyşlary Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatrynyň döredijilik toparynyň «Mukaddeslige tagzym» atly sahnalaşdyrylan spektakly bilen tamamlandy.
Spektakl Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby Kerim Atçapanowyň Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym – mukaddeslige tagzym» atly kitaby esasynda ýazylan dramasy boýunça goýlupdyr. Bu kitapda hemişe bagty getirýän, ýöne birden bagty ondan ýüz öwren ýigit hakda bir tymsal bar. Ol akyldara ýüz tutýar, akyldar bolsa: «Ejeňden sora, saňa näme bolýandygyny şol aýdar» diýýär.
Spektaklda iki nesliň arasyndaky gapma-garşylyk suratynda görkezilýän biziň günlerimiziň wakalary ýaýbaňlanýar. Ýöne nähili ýagdaý ýüze çyksa-da, gapma-garşylyklar näçe çuňňur bolsa-da, spektaklyň gahrymanlary ejesiniň ak patasyny almak üçin gelýärler.
Bu spektaklda çalt üýtgeýän zenanlaryň ykbalynyň jemine meňzeýär, olaryň hemmesi-de örän täsirli, özi-de olaryň her birinde tomaşaçylar üçin pend-nesihat bar.
Bu ruhy we ahlak sahna eseriniň režissýorlary – Türkmenistanyň halk artisti Gülälek Akmyradowa we Orazberdi Çolukow öz sahna oýunlary bilen tomaşaçylaryň kalbyna ýol tapmagy başarypdyrlar. Muňa tomaşaçylaryň uzak we dowamly el çarpyşmalary subutdyr. Şunuň ýaly netijä ýetmäge bolsa akademiki teatryň aktýorlary, sahna suratkeşi Güljemal Saparowa, yşyk hünärmeni Mekan Ilamanow we spektakla gatnaşan beýleki işgärler kömek etdiler.