Türkmenistan bilen Italiýanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklar Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda geçen «Saz festiwaly» atly konsertiniň esasy äheňi boldy.
Italiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Luiji Ferrari, agşamyň myhmanlaryna «Hoş geldiňiz!» diýmek bilen, iki ýurduň arasyndaky dürli ugurlar, esasan-da medeniýet älemindäki köpýyllyk hyzmatdaşlygyň ähmiýetini nygtady.
![]() |
![]() |
Türkmenistanyň we Italiýanyň sungat işgärleriniň arasyndaky döredijilik gatnaşyklary köp ýyllaryň dowamynda ajaýyp wakalar bilen baýlaşdy, şolaryň arasynda 2019-njy ýylda italýan režissýory Daniele de Planonyň türkmen artistleri bilen hyzmatdaşlykda goýan «Oýunbazlar» operasy aýratyn bellenýär.
Türkmenistanyň medeniýet ministriniň orunbasary Nursähet Şirimow gutlag çykyşynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen şu ýylyň-da meşhur italýan dirižýory Klaudio Wandelliniň sapary bilen türkmen-italýan dostluk gatnaşyklarynyň pugtalanyş ýyl ýazgysyna girjekdigini nygtady.
![]() |
![]() |
Aşgabatda bolan döwründe halypa türkmen halkynyň medeni mirasy bilen tanyşdy, Türkmen milli konserwatoriýasynda ussatlyk sapagyny geçirdi, şeýle hem ýerli sazandalar bilen işleşdi. Dirižýor Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Döwlet simfonik orkestriniň we myhmanyň bilelikdäki konserti bu hyzmatdaşlygyň netijesi boldy.
Aýdym-saz agşamy Juzeppe Werdiniň «Sisiliýa ybadaty» atly operasyna ýazylan ajaýyp uwertýura bilen açyldy. Bu saz Klaudio Wandelliniň ýolbaşçylygynda ýaňlandy. Halypa dirižýorlyk etmegiň özboluşly usuly bilen ajaýyp saz älemini döretdi we diňleýjileri aýdym-sazyň jadyly dünýäsine alyp bardy.
![]() |
![]() |
Ondan soňky eserler, şol sanda Jakomo Puççininiň «Manon Lesko» atly operasyndan intermetso we Pýetro Maskanýiniň «Oba mertebesi» atly operasyndan intermetsony, şeýle hem Joakkino Rossininiň «Siwil dellegi» eserinden parçalar konserti hakyky aýdym-saz baýramyna öwrüp, zaly sazlaşykly hoş owazlar bilen doldurdy.
Resul Gylyjowyň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan Nury Halmämmedowyň eserleri – «Oýanyş» atly simfoniýasynyň birinji bölümi we «Aýgytly ädim» baletinden bir saz olarda uly täsir galdyrdy.
Alma atsaň, ýere düşmejek jaýda bolup geçen konsert opera sungatynyň ajaýyplygyny we iki ýurduň aýdym-saz däpleriniň dürlüligini görkezdi, şeýle hem halklaryň arasyndaky hyzmatdaşlyga we özara düşünişmäge gönükdirilen medeni gatnaşyklary güýçlendirmek ugrunda ýene bir ädim boldy.