Berkarar Diýarymyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň milli medeniýetimize, sungatymyza goýýan belent sarpasy halkymyzyň ruhy dünýäsiniň has-da galkynmagyny üpjün edýär.
Milletiň ruhy älemine ganat bekleýän milli aýdym-saz sungatymyzyň sakasynda bolsa, kökleri gadymyýetiň çuňluklaryna uzaýan, hersi aýratyn bir tagamly miweleri berýän şahalardan ybarat bakyýete bagry badaşan daragt dur. Miwesi mukamdan bolan bu daragtyň bagbanlary türkmen aýdym-saz sungatyny barlykda binýat eden ägirtler-halypalar. Heňňamlara heň beren halypalary ýatlamak, oňa zamananyň nurana keşbini çaýyp «halypa-şägirtlik» ýoluna uýup, olaryň ýoluny mynasyp dowam etmek, ösdürmek ýurdumyzda mukaddes däbe öwrülipdir.
Ynha, bagşyçylyk sungatynda öçmejek yz goýan, ýoly nesillere ýörelge bolan halypalaryň biri hem Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Mustak Aýmedowdyr. Ýaňy-ýakynda Türkmenabat şäheriniň medeniýet öýünde halypa bagşynyň doglan gününiň 115 ýyllygy mynasybetli «Halypanyň ýoly – şägirtlere ýörelge» ady bilen geçirilen ylmy-amaly maslahat we dabaraly konsert ýurdumyzda halypalara goýulýan belent sarpanyň, olaryň sungat ýolunyň dowamat-dowamdygynyň subutnamasyna öwrüldi. Dabaraly maslahatda Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan milli sungatymyzy ösdürmeklik üçin alnyp barylýan giň gerimli işler, türkmen bagşyçylyk sungaty we onuň şahalary, halypa bagşynyň ömri we döredijilik ýoly, ussat bagşydan miras galan aýdymlar, «halypa-şägirtlik» ýoly baradaky çykyşlar uly gyzyklanma bilen diňlenildi.
Çykyşlaryň dowamy Mustak Aýmedowyň ýoluny dowam edýän welaýatyň belli bagşy-sazandalarynyň konserti bilen utgaşdy. Bagşyçylyk sungatynyň ärsary ýoluny dowam edip, ony tutuş Diýarymyza ýaýan Mustak Aýmedow 1910-njy ýylda Hojambaz etrabynyň Burdalyk obasynda dünýä inýär. Onuň ýaşlygy şu obada geçýär. Ýaşlygyndan aýdym-saza imrinen Mustak Aýmedowy kakasy şol döwürlerde sebitde meşhurlyga eýe bolan Hoçjy bagşa şägirtlige berýär.Ýetginjeklik döwürleri çopançylyk, daýhançylyk eden Mustak bagşy, iş-aladalardan sypyndygy halypasyndan tälim alýar. Şeýdip, 20 ýaşlar töwereginde kämillige gadam urup, toýlarda özbaşdak bagşyçylyk edip başlaýar. 1941-nji ýylda Beýik Watançylyk urşunyň başlanmagy sebäpli Watan goragyna ugraýar. Frontda, aldym-berdimli söweşleriň arasynda M.Aýmedow ýany bilen alyp gaýdan «Görogly» şadessanyny söweşjeň ýoldaşlaryna okap berýär, aýdym aýdýar. Ýowuz urşa hem ýaragy, hem sungaty bilen gatnaşan Mustak bagşy Beýik Ýeňşiň gazanylmagyna birnäçe aý galanda agyr ýaralanyp, gullukdan boşadylýar we dogduk mekanyna gaýdyp gelýär.
Ol derdinden saplanandan soň, ýene-de gazma dutara yhlas edip, toýlarda bagşyçylyk edip başlaýar. Şondan biraz wagt geçenden soň, Mustak Aýmedow Halaç etrabynyň Esenmeňli obasyndaky mekdepde çeper höwesjeňlere ýolbaşçy bolup işe başlaýar. 1960-njy ýylda bolsa Mustak Aýmedow Kerki etrabynyň Astanababa şäherçe medeniýet öýünde döredilen dutarçy gyzlar toparyna ýolbaşçylyk etmäge çagyrylýar. 1960 – 1980-nji ýyllar Mustak bagşynyň iň döredijilikli işlän döwri bolup, ol ýolbaşçylyk edýän topary bilen welaýat, döwlet derejesindäki çärelere, teleradioýaýlymlardaky çykyşlara yzygiderli gatnaşýar we uly meşhurlyga eýe bolýar. 1964-nji ýylda Mustak Aýmedowa «Türkmenistanyň at gazanan bagşysy» diýen hormatly at dakylýar.
Bagşyçylyk sungatynyň ärsary ýolunyň ussady Mustak bagşy ýurdumyzda giňden tanalýan bagşy-sazandalar bilen hem döredijilik gatnaşygyny edipdir. Halypa bagşynyň türkmen radiosynyň altyn gaznasynda saklanylýan «Demir donly», «Gözüm düşdi», «Jana-jan perim», «Duz hem bolmasa» ýaly we beýleki 20 töweregi aýdymyna we beýleki çykyşlaryna ussat dutarçy sazandalar Tugur Berdiniýazow, Aýmämmet Aşyrow, Ýolaman Nurymow, Akmyrat Çaryýew, gyjakçylar Nazar Begliýew, Ata Ablyýew, Saparguly Işangulyýew sazandarlyk edipdirler. Mustak Aýmedowyň gorunda ençeme aýdymlar bilen birlikde «Görogly» şadessanynyň şahalary, şeýle hem «Magtymguly» dessany bolupdyr.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Mustak Aýmedowyň ýoluny onuň şägirtleri dowam edýär. Ussat halypanyň ýerine ýetiren, türkmen halkyna mahsus bolan watançylyga, gahrymançylyga, merdi-merdanalyga, ynsanperwerlige bagyşlanan aýdymlary Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda aýratyn ähmiýete eýedir.