Paýtagtymyzdaky Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynyň artistleri kämil sahna eserleri bilen tomaşaçylara çäksiz şatlyk paýlap, olaryň hoşallyklaryna mynasyp bolýarlar. Zehinli artistler diňe bir teatrlaryň tomaşa zallarynda, ýa-da «mawy ekranda» däl, eýsem, Diýarymyzyň çar künjeginde hem yzygiderli çykyş edip durýarlar.
Şu günlerde hem Baş akademiki drama teatrynyň artistleri «Şadyýan wäşiler» atly aýdym-sazly, gülküli sahna eserleri bilen ýurdumyzyň Günbatar sebitinde bolup, gyzykly göçme çykyşlary guraýarlar. Olaryň Balkan welaýatyna iş sapary goja Hazaryň kenaryny bezäp oturan Türkmenbaşy şäherinden başlandy. Bu ýerde artistler iki günläp ýerli ýaşaýjylara, olaryň myhmanlaryna gülküli, şowhunly tomaşalar bilen hezil berdiler.
Şeýle ýatdan çykmajak gyzykly pursatlary peşgeş berýän täsirli sahna eserleri birnäçe gün bäri hem welaýat merkezi Balkanabat şäherindäki Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Balkan welaýat döwlet drama teatrynda üstünlikli dowam edýär. Ussatlyk bilen ýerine ýetirilýän keşpler dowamly el çarpyşmalar bilen garşy alynýar. Bu bolsa tejribeli artistleriň ýadawsyz zähmetleriniň ýerine düşýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.
Aýdym-sazly, gülküli sahna oýunlarynyň şowly çykmagynda onuň režissýory, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Eziz Işangulyýewiň, saz bilen bezän režissýor Döwlet Kuwwadowyň döredijilikli zähmetleri aýratyn bellenmäge mynasyp. Şeýle-de Türkmenistanyň at gazanan artistleri Gülşat Tahyrowanyň, Çaryguly Hommadowyň, Myrat Orazmuhammedowyň, zehinli artistler Azat Didarowyň, Artyk Artykowyň çykyşlary has-da şowly boldy.
– Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe zähmet çekmek, şowly eserler döretmek ugrunda döredip berýän döwrebap şertleridir mümkinçilikleri hasam ruhubelent hereket etmäge borçly edýär. Döwlet derejesindäki şeýle ägirt uly aladalara jogap edip, biz milli medeniýetimizi we sungatymyzy wagyz-ündew etmekde netijeli çäreleri amala aşyrýarys.
Biz Balkan welaýatyna döredijilik saparymyzyň çäklerinde hem Bereket, Gyzylarbat etraplarynda-da çykyş etmekçi. Aýdym-sazly, gülküli sahna oýunlarymyza balkanly tomaşaçylaryň hoşallyklaryny bildirip, aýdýan alkyş sözleri biziň teatrymyzyň artistlerini täze, döwrebap eserleri döretmäge ruhlandyrýar-diýip, tanymal režissýor, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Eziz Işangulyýew gürrüňdeş bolanymyzda aýtdy.